Türkiýäniň Kölegeler teatry Türkmenistanda geçiriljek halkara festiwala gatnaşýar

Türkiýäniň Kölegeler teatry Türkmenistanda geçiriljek halkara festiwala gatnaşýar

Ertir — 14-nji noýabrda Aşgabat şäherinde Bagtyýar döwürde teatr sungaty atly IV halkara teatr festiwalynyň açylyş dabarasy bolar. Dabara Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda geçiriler.

Biz saýtymyzda halkara teatr festiwalynyň meýilnamasyny ýerleşdiripdik.

Dünýäniň birnäçe ýurdundan geljek teatrlaryň döredijilik toparlaryny bir ýere jemlejek halkara festiwala Türkiýe Respublikasynyň Kölegeler teatrynyň döredijilik topary hem gatnaşar.

Halkara festiwalyň çäginde Türkiýäniň Kölegeler teatry Garagöz we Hajiwat atly sahna eseri bilen çykyş eder. Sahna eseri15-nji noýabrda Türkmen döwlet gurjak teatrynda görkeziler. Oýun 17:00-da başlanar.

Garagöz we Hajiwat iki bölümli, bir perdeli kölege oýny bolup, ol Osmanlylar döwründen bäri tutuş Anadolyda meşhurdyr. Bu kölege oýny Gresiýada Karagiozis, Bosniýa we Gersegowinada bolsa Karaköz ady bilen mälimdir. Bu kölege oýny halk arasyndaky rowaýatlardan, hekaýatlardan susulyp alnyp, onda hereket edýän gahrymanlara merdanalyk, şeýle hem degişme häsiýetler çaýylýar.

Bu kölege oýnunyň esasy gahrymanlary — Garagöz bilen Hajiwatyň arasyndaky özara gatnaşyklary ýumoryň üsti bilen sahnada ökdelik bilen janlandyrylýar. Oýnuň režissýory Uýsal Güýç Filizdir.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Kölegeler teatrynyň döredijilik topary çykyş etdi
Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkiýäniň Kölegeler teatry çykyş etdi
Türkmenistanda geçiriljek halkara teatr festiwalynyň çäginde Türkiýäniň Kölegeler teatry hem çykyş eder
BMG raýatsyzlygy ýok etmekde Türkmenistanyň goşandyna ýokary baha berdi
BMG Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berýär
BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasy geçirildi