Türkiýäniň iň uly maýagynyň, Stambulyň Şile etrabynda ýerleşýändigini bilýäňizmi?

Türkiýäniň iň uly maýagynyň, Stambulyň Şile etrabynda ýerleşýändigini bilýäňizmi?

Şile maýagy Türkiýäniň iň uly maýaklaryndan biri. Dünýäniň iň gadymy maýaklaryndan biri bolandygyna garamazdan gämilere ýol salgy bermäge dowam edýän dünýäniň iň uly ikinji maýagy hökmünde bilinýär.

Maýagyň göwdesiniň uly bolmagy we yşygynyň uzaklardan görülmegi Şile maýagynyň dünýäniň iň uly maýaklaryndan biri bolmagynda esasy orun eýeleýär. Halkara ülňülerine görä 1-nji kategoriýada ýer alýan Şile maýagynyň ýagtylygy açyk gijelerde 35 mile çenli baryp ýetýär we maýagy Bosfor bogazyndan hem görmek bolýar.

Maýagyň gurluşygyna 1858-nji ýylda badagla berilýär we 1559-njy ýylda tamamlanýar. Maýak Krym söweşi ýyllarynda Garadeňizden Bosfor bogazyna girýän gämilere ýol görkezmek maksady bilen gurulýar.

Türk inženerleri tarapyndan gurlan Şile maýagynyň bir bölegi bolsa Fransiýada gurulýar. Deňiz derejesinden 60 metr belentlikde gurlan Şile maýagynyň diňiniň belentligi bolsa 19 metr.

Taryhy özboluşlylygy bilen simwol hökmünde ýakyndan tanalýan Şile maýagy döwrümizde muzeý hökmünde hem ulanylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we USAID Garagum derýasynda suwy ölçeýji enjamy işe girizdi
Türkiýe Global Saglyk Bazaryndan 10 Milliard Dollarlyk Paý Almagy Meýilleşdirýär
Stambuldaky Gazuv-Agtaryş Işleri
Afiny bilen Stambuly gar basdy
Türkiýe Bogazlaryny Harby Gämi Gatnawyna Ýapdy
Russiýa degişli suwasty gämi Bosfor bogazyndan geçdi