Türkiyäniň ilaty 85 million 664 müň 944 adama ýetdi

Türkiyäniň ilaty 85 million 664 müň 944 adama ýetdi

Türkiyede ýaşaýan ilat 2024-nji ýylyň 31-nji dekabrynda ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 292 müň 567 adam artyp, 85 million 664 müň 944 adama ýetdi.

Ilatyň erkek bölegi 42 million 853 müň 110 adama, ilatyň zenanlar bölegi bolsa 42 million 811 müň 834 adama ýetdi.

Başgaça aýdylanda, umumy ilatyň 50,02 göterimi erkeklerden, 49,98 göterimi bolsa zenanlardan ybarat.

Salgy esasly ilat hasaba alyş ulgamynyň (ADNKS) netijelerine görä, biziň ýurdumyzda ýaşaýan daşary ýurtly ilatyň sany ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 89 müň 996 adam azaldy we 1 million 480 müň 547 adama ýetdi.

Şol ilatyň 48,3 göterimi erkeklerden, 51,7 göterimi zenanlardan ybarat.

Stambulyň ilaty ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 45 müň 678 adam köpeldi we 15 million 701 müň 602 adama ýetdi.

Türkiyäniň ilatynyň 18,3 göteriminiň ýaşaýan Stambul welaýatyndan soň, 5 million 864 müň 49 adam bilen Ankara, 4 million 493 müň 242 adam bilen Izmir, 3 million 238 müň 618 adam bilen Bursa we 2 million 722 müň 103 adam bilen Antalýa welaýaty gelýär.

Baýburt welaýaty 83 müň 676 adam bilen iň az ilata eýe bolan welaýat boldy.

Ýene degişli makalalar

Ýewgeniý Grinko, Türkiyede ýaňadandan konsert turuna çykar
Türkiyede ýaşaýyş jaý satuwlary artdy
MSC Diwina Kruiz Gämisi Izmire Geldi
MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI — DÜNÝÄ MEDENIÝETINIŇ GYMMATLY MIRASY
Kruiz Gämileri Izmire Gelmäge Dowam Edýär
Aprel Aýynda Eksport 0,1 Göterim Artyp 19 Milliard 272 Million Dollara Barabar Boldy