
Siriýanyň ikinji uly şäheri bolan Halapdaky Başkonsullugy 13 ýyl soň gaýtadan açyldy.
Başkonsullyk Siriýadaky içerki uruş sebäpli 2012-nji ýylyň iýul aýynda ýapylypdy.
Siriýada Başar Asadyň 8-nji dekabrda agdarylmagyndan soň, 12-nji dekabrda Burhan Körogly Türkiýäniň Siriýadaky ilçihanasyna geňeşçi ilçi hökmünde bellenipdi.
Türkiýäniň Siriýadaky ilçihanasy hem 14-nji dekabrda açylypdy.