Türkiýäniň häkimiýetleri oppozisiýoner Myrat Gurbanowy ýurda goýbermedi. Onuň deportasiýa edilmegi ähtimal

Türkiýäniň häkimiýetleri oppozisiýoner Myrat Gurbanowy ýurda goýbermedi. Onuň deportasiýa edilmegi ähtimal

2-nji sentiýabr gijesi Stambulyň halkara howa menzilinde “Türkmenistanyň demokratik saýlaw” hereketiniň DWT-niň lideri Myrat Gurbanow tutuldy. Ol Türkiýä “Türkhowaýollary” uçary bilen Fransiýanyň Tuluzy şäherinden gelipdi.

Gurbanow pasport barlagyndan geçende tutulyp, deportasiýa ediljekleriň kamerasyna salyndy diýip “Memorial” ynsan hukuklary merkezi adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondyna salgylanyp maglumat berýär.

Resmileriň habar bermegine görä, Gurbanow çet ýurtlylar baradaky kanunyň 9-njy maddasy we 6458 sanly halkara gorag boýunça ýurda salynmady. Onuň 2026-njy ýylyň 20-nji awgustyna çenli Türkiýä girmegi gadagan.

IIM-niň ýanyndaky migrasiýa boýunça baş ýolbaşçylygyň kanunyna laýyklykda, “zerurlyk bolanda döwlet organlarynyň we edaralarynyň degişli pikirlerini göz öňünde tutup, eger çet ýurtly raýatlar döwlet gurluşyna, jemgyýetçilik howpsuzlygyna we ilatyň saglygyna howp salýan bolsa” onuň Türkiýä girmegini bäş ýyllap gadagan etmegi mümkin.

Häzir aklawjy Mustafa Ýaman oppozosioner Gurbanowyň deportasiýa edilmeginiň öňüni almaga çalyşýar.

1-nji awgustda türkmen migrantlary Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde proteste ýygnanmaga çalyşdylar.

Emma, polisiýa olary dargatdy we 10 sany aktiwisti wagtlaýyn tussaghana ýerleşdirdi we soňra boşatdy.

Başgada 5 adam deslapky çaklamalara görä, türkmen ýörite gulluklary bilen gatnaşykly näbelli kişiler tarapyndan uruldu.Konsulhana ýakyn ýerde Gurbanow bilen birlikde bolan bir aktiwisti hem yzarlamaga synanyşdylar.

Heläk bolanlar şol sanda,Myrat Gurbanow, urlup-ýenjilme, yzarlanma we haýbat atmalar barada 9-njy awgustda prokuratura arz etdiler diýip “Memorial” belleýär.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Stambuladaky konsuly Myratgeldi Seýitmämmedow 1-nji awgustda polisiýa arz etdi we protest aksiýalaryna gatnaşyjylaryň “parahatçylygy we asudalygy” bozup, binanyň we işgärleriň howpsuzlygyna wehim salýarlar, Türkmenistanyň prezidentini kemsitýärler we raýatlary döwlete garşy gižželeýärler”.

Resminamada aýdylmagyna görä, türk tarapy “bular ýaly bikanun hereketleriň gaýtalanmazlygy üçin ähli zerur çäreleri görmelidir”.

DWT-niň aktiwistleriniň pikiriçe, Gurbanowyň ýurda girmeginiň gadagan edilmegi türkmen hakimiýetleriniň şu we şuňa meňzeş ýüzlenmeleri bilen bagly bolmagy ähtimal.The post Türkiýäniň häkimiýetleri oppozisiýoner Myrat Gurbanowy ýurda goýbermedi.

Onuň deportasiýa edilmegi ähtimal first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Türkmenistanda yzarlanýan bosgun Aşyrbaý Bekiýewi deportasiýa etdi
Türkmenistanly aktiwistler prezident Serdar Berdimuhamedowa ýazmaça ýüzlenme gowşurmaga synanyşdylar. Olary Stambuldaky konsulhanada gazaply ýençdiler (wideýo)
Çeşme: daşary ýurda barýan her uçardan onlarça adam düşürilýär
Türkmen migrantlary türk deportasiýa merkezinde ýene ýenjildi
Diňle: THF: Türkmenistanly Baýmyradow Türkiýeden bikanun’ deport edildi
THF: Türkmenistanly Baýmyradow Türkiýeden bikanun’ deport edildi
Onlarça türkmen raýaty, şol sanda hökümeti tankytlan Durdylyýew Türkiýeden deportasiýa edildi