Türkiýäniň Gämi we Ýahta Eksporty Artdy

Türkiýäniň gämi we ýahta eksporty üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 2023-nji ýylyň degişli bilen deňeşdirilende 36,8 göterim artyp 923 million 516 müň dollara barabar boldy.

Türkiýäniň eksporty 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 2 göterim artyp 125,4 milliard dollara barabar boldy.

Gämi we ýahta eksporty 36,8 göterim artyp 923 million 516 müň dollara barabar boldy.

Geçen ýyl şol san 675 million 269 müň dollara barabar bolupdy.

Eksport sanawynda Norwegiýa 147 million 562 müň dollarlyk gämi we ýahta eksport edildi.

Eksport sanawynda Norwegiýadan soň 125 million 479 müň dollar bilen Marşal adalary ikinji, 74 million 388 müň dollar bilen Germaniýa üçünji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Kruiz Gämileri Bodruma Gelmäge Dowam Edýär
Husiler ABŞ-na Degişli Gämini Nyşana Aldy
ABŞ-na degişli suwasty gämi Russiýanyň suw giňişligine girdi
Hindistanda Baş ştabyň başlygynyň ýogalmagy bilen netijelenen hadysa derňelmäge başlandy
ÝUNESKO-da 75 ýyllygy mynasybetli guramanyň gazanan üstünlikleri barada sergi açyldy
Türkiýäniň Ilkinji Uçar Zawody