“Türkiýäniň F-16 Uçarlaryna Eýe Bolmagy ABŞ we NATO Taýdan Bähbitli”

“Türkiýäniň F-16 Uçarlaryna Eýe Bolmagy ABŞ we NATO Taýdan Bähbitli”

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Türkiýäniň döwrebaplaşdyrlan F-16 uçarlaryna eýe bolmagynyň “ABŞ we NATO taýdan bähbitli” boljakdygyny nygtady.

NATO-nyň liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Litwanyň paýtagty Wilnýusa giden Blinken, Amerikanyň MSNBJ teleýaýlymyna beren beýannamasynda, Türkiýä F-16 uçarlarynyň berilmegi we satuwyň Amerikan kongresi tarapyndan tassyklanmagy baradaky soraglara jogap berdi.

Blinken, “Türkiýäniň bu uçarlary almagy ABŞ we NATO taýdan bähbitli. NATO-nyň has güýçli bolmagy üçin gurama agza ýurtlar ähli tehnalogiýalara eýe bolmaly” diýdi.

Türkiýä F-16 uçarlarynyň satuwy meselesinde Kongresiň iki ganady tarapyndan bildirlen närazyçylyklar hakyndaky soraga hem jogap beren Blinken, “Bular biziň üçin hemişe aýry meseleler boldy. Şwesiýanyň NATO agzalyk etaby, Türkiýäniň kanuny üýtgetmeleri kabul etmegi bilen dowam edýär. Şol bir wagtda Türkiýäniň döwrebaplaşdyrlan F-16 uçarlaryna eýe bolmagy hem şol syýasatyň bir bölegi” diýip belledi.

Türkiýäniň NATO agzadygyny ýatladan Blinken “NATO agza ýurtlaryň birlikde işleşmegi üçin Türkiýäniň şol tehnalogiýalara eýe bolmagy möhüm” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Kurtulmuş Ukrain Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Türkiyäniň Baş Ştabynyň başlygy NATO maslahatyna gatnaşdy
Hindistanyň premýer ministri Russiýada saparda bolýar
Prezident Erdogan şu gün ABŞ-na gider
Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Russiýa Ukrainanyň Donetsk sebitindäki Çigari ýaşaýyş zolagyny basyp aldy