Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Türkmenistanda saparda boldy

Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Türkmenistanda saparda boldy

Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar X sosial media ulgamyndan beren beýanatynda, Aşgabada guran saparynyň çäginde Türkmenistanyň Energetika ministri Annageldi Saparow we Türkmengeologiýa gullugynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew bilen duşuşyklar geçirendigini mälim etdi.

Türkmengeologiýa gullugynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew bilen geçirilen duşuşykda tebigy gaz ugrunda dowam edýän hyzmatdaşlygyň ýanyna magdan ugruny hem goşmak üçin edilip bilinjek ädimleri maslahatlaşandyklaryny aýdan Alparslan Baýraktar: "Tebigy gaz ugrunda bolşy ýaly magdan ugrunda hem bilelikde hyzmatdaşlyk edip, iki ýurduň peýdasyna boljak taslamalary durmuşa geçirjekdigimize ynanýaryn" diýip habar berdi.

Aşgabada guran saparynda Türkmenistanyň Energetika ministri Annageldi Saparow bilen hem duşuşyk geçiren Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, elektrik tok önümçiligi bilen bagly geljek döwrüň strategiýalary bilen paýlaşylandygyny beýan etdi.

Alparslan Baýraktar geçirilen duşuşyk bilen bagly: "Elektrik tok önümçiligi bilen birlikde goňşularymyz bilen we sebitimizdäki ýurtlar bilen elektrik baglanyşygynyň özgerdilmeginiň ähmiýetine ünsleri çekdik. Bu ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ele aldyk. Türkmenistan bilen uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän gowy gatnaşyklarymyzyň elektrik tok ugrunda hem etjek ädimlerimiz bilen birlikde has hem özgerjekdigine ynanýaryn" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň energiýa ministri türkmen gazyny satyn almak meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi
Türkiýäniň energetika ministri, gaz gepleşikleri üçin, Aşgabada geldi
ANALITIKA: Dünýäniň energetika bazarynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma artýar
Türkiye Türkmenistandan her ýyl 2 milliard kub metr tebigy gaz satyn alar
31-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Serdar Berdimuhamedow we Alparslan Baýraktar türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar