Türkiýäniň Dördünji Burawlaýyş Gämisi Norwegiýadan Türkiýä Ugrady

Türkiýäniň Dördünji Burawlaýyş Gämisi Norwegiýadan Türkiýä Ugrady

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez deňizlerde uglewodorod gözleglerinde peýdalanyljak dördünji burawlaýyş gämisiniň Norwegiýadan Türkiýä ugrandygyny beýan etdi.

Ministr Dönmez Twitter hasabyndan beren habarnamasynda täze gämä tolgunmak bilen garaşylýandygyny mälim etdi.

Ministr Dönmez; “Dört tarapy deňizler bilen gurşalan ýurdumyzyň kämil burawlaýyş flotuny döretmek üçin işe girişdik. İndi bolsa Türkiýä tarap ugran dördünji burawlaýyş gämimize garaşýarys. Düşümli bolsun” diýip ýazdy.

Türkiýe deňizlerde uglewodorod serişdeleriniň gözlegini “Fatih”, “Ýawuz” we “Kanuny” burawlaýyş gämileri bilen dowam etdirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Nebit Pudagynda Maksatnamalaryny Artdyrdy
Gara deňizde täze buraw işleri başlady
Türkiye Nebit Pudagy Boýunça Maksatnamalaryny Artdyrdy
Galkynyş gaz käninde täze tebigy gaz akymy alyndy
Fatih Gämisi Garadeňizde Üçünji Burawlaryş Işlerine Başlady
Erdogan Herzogyň Türkiýä Sapara Geljekdigini Aýtdy
Garadeňizde Tebigy Gaz Burawlaýyş Işlerine Başlanmagy Üçin Taýarlyk Görülýär