Türkiyäniň deňiz balykgulak eksporty artdy

Türkiyäniň deňiz balykgulak eksporty artdy

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Hamdi Gürdogan, Türkiyeden ýylyň ilkinji 7 aýynda 935 tonnalyk deňiz balykgulak eksportynyň amala aşyrylandygyny habar berdi.

Ahmet Hamdi Gürdogan ady agzalan mukdardan 9 million 765 müň 9 dollara girdeji alynandygyny mälim etdi.

Gürdogan Türkiyeden iň köp deňiz balykgulagyň 4 million 184 müň 235 dollar bilen Günorta Koreýa Respublikasyna eksport edilendigini belläp: "Şol ýurtdan soň 2 million 277 müň 369 dollarlyk Hytaý Halk Respublikasyna, 1 million 535 müň 4 dollarlyk Ýaponiýa, 1 million 452 müň 435 dollarlyk Ispaniýa, 308 müň 522 dollarlyk Taýwana, 4 müň 794 dollarlyk Gruziýa we 2 müň 650 dollarlyk Azerbaýjan-Nahiçewana balykgulak eksport edildi" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Sudanda genosid yglan edýär, Gazada Ysraýylyň edýan genosidine synçy bolmagynda galýar
Owganystanda Pakistan Tarapyndan Guralan Hüjümde 46 Adam Ýogaldy
Malaý edebiýaty
Diňle: Tanymal bagşy Babamyrat Hamdamow aradan çykdy
Iskederiň Sarkofagy
“West Ham” ýeňlişsiz ýeňiji