Türkiyäniň Daşary işler ministriniň Gaza bilen bagly diplomatiýasy dowam edýär

Türkiyäniň Daşary işler ministriniň Gaza bilen bagly diplomatiýasy dowam edýär

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, ministr Hakan Fidan Awstraliýanyň Daşary işler ministri Penni Wong bilen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde palestinaly asuda ilata garşy hüjümleriň ýaýbaňlanan we dartgynlygyň barha artýan Gazanyň soňky ýagdaýy bilen bagly pikir alyşdylar.

Daşary işler ministri Hakan Fidan Gazada iň gysga wagtda ýaraşygyň üpjün edilmeginiň we ynsanperwer kömekleriň arakesmesiz ýagdaýda ýetirilmeginiň ähmiýetini nygtap geçdi.

Çaknyşyklaryň sebitde ýaýbaňlanmagynyň howpuna ünsleri çeken Hakan Fidan, Ysraýylyň Gazany köpçülikleýin nyşana almagynyň, hassahanalary we mekdepleri bombalamagynyň halkara hukugyň düzgün bozmasy manysyna gelýändigine ünsleri çekdi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan Gazadaky adamzat dramasynyň bes edilmegi üçin halkara jemgyýetiň Ysraýyla dogry ýüzlenmeler bermeginiň ähmiýetini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan ertir Saud Arabystanyna gider
Türkiýe-Şwesiýa terrorizme garşy göreş we goranyş pudagyndaky gatnaşyklary seljerer
Hakan Fidan Saud Arabystanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Prezident Erdogan Gresiýanyň Ozalky Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
Şeýbani şu gün Türkiyä sapar gurar
Siriýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar
Hakan Fidan Tanýa Faýon bilen duşuşyk geçirdi