Türkiyäniň Daşary işler ministrligi sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Hakan Fidanyň Yraga guran saparynyň çäginde Haşdi Şabi Komissiýasynyň başlygy Falih al-Feýýad bilen duşuşandygyny habar berdi.
Ministr Hakan Fidan 22-24-nji awgust aralygyny öz içine alýan Bagdada guran saparynyň ilkinji gününde Yragyň Daşary işler ministri Fuad Hüseýin bilen duşuşyk geçiripdi.
Hakan Fidan düýn bolsa Yragyň Prezidenti Abdullatif Reşit we Yragyň Premýer ministri Muhammed Şiýa as-Sudani tarapyndan kabul edildi, Yragyň Mejlisiniň başlygy Muhammed Halbusi, Malaýziýanyň Daşary işler ministri Zambry Abdul Kadir, Yragyň Türkmen frontynyň lideri we Yrak Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçylary, Yragyň Özygtyýarlylyk alýasynyň lideri Hamis Hançer, Fetih alýansynyň lideri Hadi Amiri, Milli Hikmet akymynyň lideri Ammar al-Hekim we ýurduň ozalky Premýer ministrleriniň biri bolan we Kanun Döwlet Koalisiýanyň lideri Nuri al-Maliki bilen duşuşyk geçirdi.
Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Erbil şäherine geçip, Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.