Türkiyäniň Daşary işler ministri Müsüriň Prezidenti tarapyndan kabul edildi

Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Müsüriň Prezidenti Abdulfettah as-Sisi tarapyndan kabul edildi.

Daşary işler ministrliginiň X hasabyndan berilen beýanatda: "Ministrimiz Hakan Fidan Alemeýn şäherinde Müsüriň prezidenti Abdulfettah as-Sisi tarapyndan kabul edildi" diýip habar berildi.

Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Müsüre guraýan saparynyň çäginde ozal bolsa Arap Bileleşiginiň baş sekretary Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçiripdi.

Daşary işler ministrligiň X sosial media ulgamyndan berilen beýanatda: "Ministrimiz Hakan Fidan Müsüriň Alemeýn şäherinde Arap Bileleşiginiň baş sekretary Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi" diýip habar berilipdi.

Hakan Fidan duşuşykdan ozal Al-Ariş şäherinde Türkiyäniň AFAD we Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň işgärleri bilen duşuşyk geçiripdi.

Ministr Hakan Fidan Müsüriň Gyzyl ýarymaý Logostika merkeziniň resmilerinden, Gaza ugradylýan ynsanperwer kömekleriň koordinasiýasy barada maglumat alypdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Arap Ligasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşine gatnaşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Borrel Bilen Duşuşdy
Hakan Fidan, Arap Ligasynyň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy
Türkiyäniň daşary işler ministri Müsürde daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşyklar geçirdi
“Ysraýyl Parahatçylyk Isleýänleri Hem Nyşana Alýar”