Türkiýäniň Daşary işler ministri Liwanda saparda bolýar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Liwanda saparda bolýar

Liwanyň Prezidenti Mişel Awn Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Baabda köşgünde ministr Çawuşogly bilen duşuşyk geçirendigini habar berdi.

Mişel Awn bilen geçiren duşuşygyndan soň metbugat işgärlerine beýanat beren Çawuşogly: "Hormatly Prezident bilen Türkiýäniň we Liwanyň arasyndaky gatnaşyklary nähili özgertejdigimizi ara alyp maslahatlaşdyk. Täze hökümediň gurulmagy mynasybetli özüni gutladym. Mundan başgada 22-nji noýabryň Liwanyň Milli güni mynasybetli eýýäm şu wagtdan özüni gutladym" diýip habar berdi.

Ministr Mewlüt Çawuşogly soň bolsa Liwanyň mejlisiniň başlygy Nabih Berri tarapyndan kabul edildi.

Çawuşogly Liwana guran resmi saparynyň çäginde mundan başgada Premýer ministr Nejib Mikati we Daşary işler ministri Abdallah Buhabib bilen duşuşyklar geçirjekdigini mälim etdi.

Liwanda ilkinji duşuşygyny Ykdysadyýet we söwda ministri Amin Salam bilen geçiren Çawuşogly “Ykdysady durnuklylyk üçin Liwan bilen edýän gatnaşyklarymyz dowam eder” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkiýe Enegetika Boýunça Global Güýje Öwrüldi
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny