Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ýurduň täze Premýer ministri wezipesine bellenen Kataryň Daşary işler ministri Muhammed bin Abdurrahman Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, ony täze wezipä bellenmegi mynasybetli gutlady.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Kataryň Daşary işler ministri Muhammed bin Abdurrahman Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Mewlüt Çawuşogly telefon söhbetdeşliginde Muhammed bin Abdurrahman Al Sanini Premýer ministr wezipesine bellenmegi mynasybetli gutlady.
Al Sani Premýer ministr wezipesi bilen birlikde Daşary işler ministr wezipesini hem ýerine ýetirer.
Kataryň täze Premýer ministri Muhammed bin Abdurrahman Al Sani 2016-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Daşary işler ministri, 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda bolsa goşmaça Wise-premýer wezipesine bellenipdi.