Türkiyäniň daşary işler ministri Hytaýa sapar gurar

Türkiyäniň daşary işler ministri Hytaýa sapar gurar

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan saparynyň çäginde Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen birlikde Hytaýyň Wise-prezidenti Han Çing bilen Hytaý Komunist partiýasynyň Merkezi Syýasy we Hukuk işleri komissiýasynyň başlygy Çyn Wynçing bilen duşuşyklar geçirmegine garaşylýar.

Hytaýda ýaşaýan türk raýatlar bilen hem duşuşmagy meýilleşdirilýän Hakan Fidanyň, Pekin saparyndan soň 4-5-nji iýunda Urumçi we Kaşgar şäherlerine sapar guramagyna garaşylýar.

Geçiriljek duşuşyklarda ikitaraplaýyn söwdanyň has deňagramly we durnukly bir gurluşa ýetirtilmegi bilen Hytaýdan Türkiyä esasan hem täze tehnologiýalar ugrunda maýa goýumlar bilen baglanşykly hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ele alynar.

Ministr Hakan Fidan saparynda Ukrainadaky, Gazadaky we Gyzyl deňizdäki wakalaryň global üpjünçilik liniýalarynyň howpsuzlygyny we käbir transport koridor taslamalaryna ýaramaz täsir ýetirýän bir döwürde Guşak we Ýol başlangyjy bilen Hazar deňiziniň üstünden geçýän Gündogar-Günbatar Orta koridor başlangyjynyň uýgunlaşdyrylmagy bilen bagly işler barada pikir alyşylmagy göz öňünde tutulýar.

Ministr Hakan Fidanyň Pekine gurajak saparynda Gazada iň gysga wagtda hemişelik ot açmazlygyň ýola goýulmagy we iki döwletli çözgüdiň üpjün edilmegi üçin edilip bilinjek ädimler ara alynyp maslahatlaşylar.

Türkiye uýgur türkleriniň adaty hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy we Hytaýda abadançylyk we asudalyk içinde ýaşamaklarynyň ähmiýetini geçirjek ähli duşuşyklarynda gün tertibe getirer.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň Daşary işler ministri BAE-li kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Ýaraglanmanyň Artandygyna Ünsi Çekdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
NATO-nyň Baş Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Hakan Fidan Portugaliýada Saparda Bolar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny