Türkiyäniň daşary işler ministri Gresiýa sapar gurar

Türkiyäniň daşary işler ministri Gresiýa sapar gurar

Saparyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry 2025-nji ýylyň ilkinji aýlarynda Türkiyäniň paýtagty Ankara şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän, Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan bilen Gresiýanyň premýer-ministri Kirýakos Misotakisi bir ýere jemlemegine garaşylýan 6-njy Ýokary Derejeli Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň mejlisi bolar.

Hakan Fidanyň grek kärdeşi bilen geçirjek duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar we Ýakyn Gündogardaky wakalar ara alnyp maslahatlaşylar, Egeý deňzindäki hadysalar hem gün tertibe getiriler.

Duşuşykda energetikadan daşky gurşawa, ylymdan bikanun immigrasiýa garşy göreşmäge çenli birnäçe ugurlardaky hyzmatdaşlyklar barada-da pikir alşylar.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň Prezidenti Müsüriň Daşary işler ministrini kabul etdi
Erdogan Özbegistanyň we Azerbaýjanyň ministrlerini kabul etdi
Hakan Fidan Dohada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Türkiye, Somali-Efiopia gepleşikleriniň birinji tapgyryna ýer eýeçiligini edýär
Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
Prezident Erdogan Liwiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Ersin Tatar: "Ata Watanymyz Türkiyä minnetdardyrys" diýdi