
Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan 61-nji Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasyna gatnaşmak maksady bilen Germaniýa sapar gurar.
Üç gün dowam etjek 61-nji Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasynda global we sebitleýin krizisler ara alynyp maslahatlaşylar.
Daşary işler ministri Hakan Fidan hem 14-16-njy fewral aralygynda geçiriljek konferensiýa gatnaşar.
Konferensiýanyň çäginde geçiriljek maslahatlarda Siriýanyň soňky ýagdaýy, Gazadaky ýaraşyk tapgyry, Ukraina-Russiýa urşy ýaly güntertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň maslahatlaşylmagyna garaşylýar.