Şol çäkde Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan şu gün Efiopiýa sapar gurap, iki ýurduň arasyndaky ylalaşyk tapgyryny ara alyp maslahatlaşar.
Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä ministr Hakan Fidan Addis-Abeba şäherine gurajak saparynyň çäginde Efiopiýanyň premýer ministri Abiý Ahmed Ali we daşary işler ministri Taýe Selassie bilen duşuşyklar geçirer.
Hakan Fidanyň Efiopiýa gurajak saparynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, Somali bilen ylalaşyk tapgyry we sebitleýin meseleler barada pikir alyşylmagyna garaşylýar.
1 aý ozal bolsa Efiopiýanyň we Somaliniň daşary işler ministrleri ministr Hakan Fidanyň ýer eýeçilik etmeginde Türkiyede saparda bolupdylar.