Türkiyäniň Daşary işler ministri Braziliýada saparda bolar

Türkiyäniň Daşary işler ministri Braziliýada saparda bolar

G20-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri döwürleýin başlygy Braziliýanyň ýer eýeçilik etmeginde Rio-de-Žaneýro şäherinde bir ýere jemlenişerler.

Iki gün dowam etjek maslahatda halkara meseleleriň çözüwinde G20-niň roly we global dolanşyk özgertmesi ara alynyp maslahatlaşylar.

Maslahatda Ukraiandaky we Gazadaky uruşlaryň gün tertibe getirilmegine garaşylýar.

Daşary işler ministri Hakan Fidan maslahatda Türkiyäniň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi başda bolmak bilen global dolanşyk guramalaryndaky özgertmeleriň zerurlygyna berýän ähmiýetini beýan eder.

Hakan Fidan mundan başgada wagşylygy bes edilmegiň we Gazada hemişelik parahatçylygyň ýola goýulmagynyň derwaýyslygyna ünsleri çeker.

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Braziliýada şeýle hem ikiçäk duşuşyklar geçirer.

Ministr Hkan Fidan maslahatyň çäginde geçiriljek MIKTA-nyň (Meksika, Indoneziýa, Günorta Koreýa, Türkiye, Awstraliýa) 25-nji Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Gresiýanyň Ozalky Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
Prezident Erdogan Liwiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Hakan Fidan Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Şeýbani şu gün Türkiyä sapar gurar
Siriýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar
Hakan Fidan Tanýa Faýon bilen duşuşyk geçirdi
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi