Türkiyäniň Eksportçylar mejlisi tarapyndan berilen maglumata görä Türkiyäniň eksporty ýylyň ilkinji 8 aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,9 göterim artyp, 170,8 milliard dollara ýetdi.
Türkiye, 8,3 milliard dollar bilen Beýik Britaniýa ähli döwürleriň iň ýokary ýanwar-awgust eksportyny amala aşyrdy.
Türkiýäniň Beýik Britaniýa eksporty ýanwar-awgust aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,8 göterim ýokarlandy.
Bu döwürde Türkiyäniň iň köp eksport eden ýurtlary Germaniýa, ABŞ, Beýik Britaniýa, Italiýa boldy.
Şeýlelikde, Beýik Britaniýa ýanwar-awgust aýlarynda Türkiyäniň iň köp eksport eden 3-nji ýurdy hökmünde hasaba alyndy.