Türkiyäniň Baş Ştabynyň başlygy Gazagystanda saparda bolýar

Gazagystanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, Türkiyäniň Baş Ştabynyň başlygy we Guryýer güýçleriniň serkerdesi Musa Awseweriň ýolbaşçylyk etmegindäki wekiliýet, sapar bilen ýurduň paýtagty Astana şäherine bardy.

Musa Awsewer Gazagystanyň Goranmak ministri Ruslan Žaksylykow bilen duşuşyk geçirdi. Maslahata Gazagystanyň Baş Ştabynyň başlygy Marat Husainow we Türkiyäniň Astana şäherindäki Adatdan daşary doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapuju hem gatnaşdy.

Maslahatda iki ýurduň arasyndaky harby tälim, söweş tälimi we parahatçylygy goramak ugurlaryndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we harby tehnika hyzmatdaşlygy ugry boýunça ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi ýaly ugurlar ara alynyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Italiýanyň “akylly adasy” durnukly tejribeleri bilen Ortaýer deňizi sebitine görelde bolýar.
Murat Nurtileu Gazagystanyň Täze Daşary Işler Ministri Boldy
Yraga Guryýer Operasiýasy
Türkiýe Bilen Pakistan Harby Gatnaşyklaryny Ösdürer
Özbegistana Tölegsiz Geçiş Kwotasy 60 Göterim Artdyryldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny