Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ertir Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Goranmak ministrleri bilen Kaýseride duşuşar.
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Goranmak Ministrleriniň 9-njy maslahaty ministr Hulusi Akaryň ýolbaşçylygynda Kaýseride geçirler.
Maslahata Gruziýanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň başda durmagynda sebitiň parahatçylygy we durnuklylygy üçin amala aşyryljak işleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Akar iki gün dowam etjek maslahatyň çäginde Gruziýanyň Goranmak ministri Duanşer Burçuladze we Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow bilen iki taraply we üçtaraply duşuşyklar geçirer.
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Goranmak Ministrleriniň 8-nji maslahaty geçen ýylyň oktýabr aýynda Gruziýanyň Telawi şäherinde geçirlipdi.