Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy Respublikanyň 101 ýyllygyny belledi

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy Respublikanyň 101 ýyllygyny belledi

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy sişenbe güni ýurduň Respublika güni mynasybetli dabaraly çäreleri geçirdi.

Bu çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň başlygy Batyr Atdaýew, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Batyr Atdaýew çäräniň dowamynda eden çykyşynda, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň berk netijeli häsiýete eýedigini, iki ýurduň köpýyllyk dostluk we hyzmatdaşlyk däpleri bilen baglanyşýandygyny nygtady.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň başlygy iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar we söwda dolanyşygy barada hem durup geçip, bularyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýetini we depginli ösüşini belledi.

Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok öz gezeginde şu ýyl Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 32 ýylyň dolýandygy aýtdy.

Diplomat şeýle hem döwletara gatnaşyklary berkitmekdäki goldawlary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

A.Demirokyň sözlerine görä, Türkiýe soňky asyrda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim we tehnologiýa ýaly ulgamlarda uly ösüşleri başdan geçirdi. Ol öz ýurdunyň sebit we dünýä döwletleri üçin nusgalyk mysal bolmagyny dowam etdirjekdigine ynam bildirdi.

29-njy oktýabrda bellenilýän Türkiýäniň Respublika güni ýurduň iň möhüm milli baýramlarynyň biridir. Ol 1923-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň döredilen we Mustafa Kemal Atatürküň ýurduň ilkinji Prezidenti diýlip yglan edilen senesini alamatlandyrýar.

Ýene degişli makalalar

Atatürkiň Aramgähine Bir Günde 221 Müň 717 Adam Zyýarat Etdi
19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy
Amasýa Jarnamasy
Atatürküň Doglan Öýüni Görmäge Her Gün Ýüzlerçe Adam Gelýär
Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen bagly gutlag ýüzlenmesini çap etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny