Türkiyäniň ary bal eksporty artdy

Türkiyäniň ary bal eksporty artdy

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşigi tarapyndan berilen maglumata görä, Türkiyäniň möhüm önümçilik we eksport önümleriň biri bolan ary baly, ýanwar-iýun aýlary aralygynda 45 ýurda, awtonom we erkin södwa zolagyna eksport edildi.

2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda 16 million 791 müň 320 dollar bolan eksport, şu ýylyň şol döwründe 3 göterim artyp 17 million 243 müň 866 dollara ýetdi.

ABŞ, Germaniýa we Kanada ýylyň ilkinji ýarymynda iň köp bal eksport edilen 3 ýurt boldy.

Türkiyeden şol wagt aralygynda ABŞ-na 6 million 322 müň 272 dollarlyk, Germaniýa 4 million 479 müň 615 dollarlyk we Kanada 812 müň 664 dollarlyk ary bal eksport edildi.

Geçen ýylyň şol döwri bilen tapawutlylykda Sloweniýa, Wengriýa, Yrak, Bangladeş, Çehiýa, Marokko, Albaniýa we Nepal döwletlerinede ary baly satyldy.

Ýene degişli makalalar

EURO 2024 Çempionaty dowam edýär
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
EURO 2024-iň bijeleri 2-nji dekabrda çekiler
Euro 2024-iň bijeleri çekildi
"Albaniýa Bilen Balkanlaryň Durnuklylygy Üçin Birlikde Tagalla Etmäge Dowam Ederis”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny