Türkiyäniň Afrika diplomatiýasy Günbataryň gün tertibinde

Türkiyäniň Afrika diplomatiýasy Günbataryň gün tertibinde

Germaniýanyň Konrad Adenauer gaznasynyň Sahel Programmasynyň başlygy Ulf Lessing Türkiyäniň Afrikadaky güýji bilen bagly analiz ýazdy.

Analizde Afrikada täsirli bolan iň uly güýjiň Türkiyedigi beýan edildi.

"Türkiye Afrikada täsiri bolan täze güýç" diýip bellenen analizde, Türkiyäniň Afriakda soňky 20 ýylda dipolmatik göçümleri edip, ilçihanalarynyň sanyny 12-den 44-e ýetirendigi mälim edildi.

Türkiyäniň söwda, bilim we harby ugurlar başda bolmak bilen materige goşant goşýandygy bellenen analizde, Türkiyäniň Afrikadaky mümkinçiliklere göz ýetirýändigi aýan edildi.

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Afrika guraýan saparlaryna ünsler çekilen analizde, mundan başgada Ýewropanyň Türkiyäniň uzak möhletleýin Afrika strategiýasyndan köp zat öwrenip biljekdigi habar berildi.

Afrikanyň indi türk kärhanalar üçin uly bir bazar ýagdaýyna öwrülendigi bellenen analizde, Türkiyäniň sebite köp sanda uçarmansyz howa ulagyny satandygy bellenip: "Baýraktar nusgasy 2019-njy ýyldaky Liwiýanyň içerki urşunda ulanylmagyndan bäri iň köp satylan uçarmansyz howa ulaglaryň biri boldy" diýip mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan: "Türkiye hökmünde biz indi her ugurda we her stolda bardyrys" diýdi
Türkiyäniň Afrika ýurtlaryna eksporty artýar
Abu-Dabiniň ýaşaýjylary plastikany gaýtadan işlemek üçin ýeňillik we bonus alyp bilerler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Belet Video Ýagşymyradow Kasanganaý tutluşygyny görkezer