Türkiyäniň Adalat ministri Şwesiýadaky meçew bermeleri ýazgardy

Türkiyäniň Adalat ministri Şwesiýadaky meçew bermeleri ýazgardy

Türkiyäniň Adalat ministri Ýylmaz Tunç, Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde ekstremist terror guramasy PKK-nyň tarapdarlarynyň Prezident Rejep Taýýip Erdogany nyşana alyp, amala aşyran meçew bermäni iň berk ýagdaýda ýazgarýandygyny habar berdi.

Türkiyäniň Adalat ministri Ýylmaz Tunç ozalky ady Twitter bolan X sosial media platformasyndan beren beýanatynda, Şwesiýanyň terror guramalarynyň aksiýalaryna rugsat bermeginiň, Prezident Erdogana garşy amala aşyrýan meçew bermelerine sessiz galmagynyň kabul edilmesizdigini mälim etdi.

Ýylmaz Tunç: "NATO-da ýaranymyz bolmak isleýän Şwesiýanyň terror guramalarynyň aksiýalaryna rugsat bermän, borçnamalaryny ýerine ýetirmelidir. Terror adamzat jenaýatydyr. Terror guramalarynyň islendik aksiýasyna böwet bolmak hukuk döwletleriniň esasy wezipesidir" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
DKTR-nyň Gurlan Gününiň 41 Ýyllygy Ankarada Dabaraly Ýagdaýa Bellenilip Geçildi
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkiýe-Yrak Bilelikdäki Meýilleşdiriş Toparynyň Maslahaty Ankarada Geçirildi
Tatar Türkçesi - 1
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Nobatdan Daşary Ýagdaýa Jemlenişýär
Ministr Fidan, Arap Ýurtlaryň Ilçilerini Kabul Etdi