“Türkiýäni Ukraina Üçin Howpsuzlyk Taýdan Esasy Hemaýatkär Hökmünde Görýärin”

“Türkiýäni Ukraina Üçin Howpsuzlyk Taýdan Esasy Hemaýatkär Hökmünde Görýärin”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Türkiýäni Ukraina üçin howpsuzlyk taýdan esasy hemaýatkär hökmünde görýändigini aýtdy.

Zelenskiý metbugata beren beýannamasynda, Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegini maksat edinýän parahatçylyk gepleşiklerine Ukraina bilen birlikde ABŞ-nyň Russiýanyň we Ýewropa ýurtlarynyň gatnaşmalydygyny aýtdy.

Hem ABŞ hem-de Ukraina we halky üçin bähbitli bolan şertnamananyň baglaşylmalydygyny nygtan Zelenskiý, hemaýatkärligiň diňe ABŞ-nyň beren wadasy bilen däl eýsem şertnamada açyk-aýdyň ýer almalydygyna ünsi çekdi.

ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleriniň Ukrainada geçirjek maslahaty hakynda hem durup geçen Zelenskiý, bu maslahatyň öwrülşik nokady bolmagyny umyt edýändigini belledi.

Zelenskiý, Türkiýäni Ukraina üçin howpsuzlyk taýdan esasy hemaýatkär hökmünde görýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Ukrainanyň Prezidenti Ankara geldi
Ukrainanyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar
Zelenskiý magdan ylalaşygy üçin Waşingtona sapar eder
Zelenskiý Russiýanyň Krymy anneksiýa etmegi bilen bagly ýüzlenme çap etdi
Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Türkiýede Saparda Bolar