Türkiýäni Rasist, Lýumpen Faşizmiň Saý Suwuna Gark Etmäge Hiç Kimiň Güýji Ýetmez

Türkiýäni Rasist, Lýumpen Faşizmiň Saý Suwuna Gark Etmäge Hiç Kimiň Güýji Ýetmez

Erdogan ol ýerde sözlän sözünde Türkiýäniň hem strategik-geografik ýerleşişi, hem-de eýe bolan gymmatlyklary taýdan asimmetrik howplar bilen ýüzleşýän ýurtlardan biridigini aýtdy.

Erdogan: “Üç materikde, ýedi yklymda höküm süren dünýä imperiýasynyň mirasyndan dörä Türkiýäni rasist, lýumpen faşizmiň saý suwuna gark etmäge hiç kimiň güýji ýetmez. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine, syýahatçylygyna, söwdasyna we döwlet diplomatiýasyna zyýan ýetirme synanşyklaryna geçirimlilik etmeris” diýdi.

Dabara gatnaşan uçurym polislere ýüzlenen Prezident Erdogan: “Şuny ýatdan çykarmaň! Siz haýsydyr bir toparyň, ideologiýanyň däl, Türkiýe döwletiniň polisi. Siz bu millediň ýüreginden çykan, gerek bolan halatynda watan we millet üçin janyny bermäge taýýar gahrymanlarsyňyz. Siz howpsuzlygymyzyň bolşy ýaly demokratiýadaky we ykdysadyýetdäki galkynyşymyzyň kepilligi. Raýatlaryň kynçylyklaryny, dertlerini, isleglerini ilkinji nobatda çözýän gatlagyň başynda polislerimiz durýar, siz durýaňyz” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Saud Arabystanyna gitdi
TDG üçin ýörite metal pullar taýarlandy
Trampyň Prezidentlige Saýlanmagy Ýakyn Gündogara Öz Täsirini Ýetirer
Erdogan: "Trampdan ozalky dolanşygyň ýalňyşlyklaryndan ýüz öwürmegine garaşýarys" diýdi
Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň Ýeňiş Gününi Gutlady