Türkiýä Moldowa tebigy gaz eksport eder

Türkiýe 1-nji oktýabrdan başlap, Moldowa günde 2 million kub metr tebigy gaz eksport eder. Ýurduň BOTAŞ kompaniýasynyň ýaýradan beýanatynda Moldowanyň “East Gas Energy Trading” kompaniýasy bilen gazyň eksporty ylalaşygyna gol çekilendigi mälim edildi. BOTAŞ-yň dolandyryjylary geňeşiniň başlygy Burhan Özjan turbageçirijileri arkaly häzire çenli Gresiýa, Bolgariýa, Wengriýa we Rumyniýa gaz eksporty boýunça ylalaşyklaryň gazanylandygyny belledi.

BOTAŞ Rumyniýa bilen geçen hepde, üç ýyllyk degişli şertnama gol çekipdi. Wengriýa bilen awgust aýynda, Bolgariýa bilen ýanwarda şertnama baglaşylypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň we Müsüriň Wekiliýeti Sebitara Meseleleri Ara Alyp Maslahatlaşdy
Türkiýe Sudanda 100 Müň Gekdar Ekin Meýdanyny Dolandyrar
Erdogan Sudanyň Özygtyýarlylyk geňeşiniň başlygy Burhan bilen metbugat ýygnagyny geçirdi
Prezident Erdogan Ýewropadaky Türk Jemgyýetçilik Guramalarynyň Wekillerini Kabul etdi
Prezident “işde goýberen kemçilikleri üçin” bir topar häkimi işden boşatdy
07.01.2019 | Resmi habarlar