
Türk mediasynyň maglumatyna laýyklykda, geçen iki günde Türkiýäniň çaginde bolan “Lodos” atly güýçli apy-tupan netijesinde 10-dan gowrak adam aradan çykdy, 100-den gowyrak adam ýaralandy we ummasyz maddy zyýan ýetirildi.
“Lodos” wagtynda binalaryň üçekleri uçdy, käbir ýaşaýyş jaýlarynyň iň üst gatyndaky öýler üçeksiz galdy, agaçlar kökünden gopdy we barlara, kafelere, awtoulaglara, motorlara köp maddy zyýan ýetdi.
Stambulyň welaýat AFAD edarasynyň müdiri Gökhan Ýylmazyň KHS beren maglumatyna laýyklykda, düşenbede başlap, iki gün dowam eden “Lodos” apy-tupanynda 528 sany binanyň üçegi uçdy, 839 agaç ýykyldy, 39 awtoulag zyýan çekdi.
Ýylmaz Stambuldaky apy-tupanda 46 adamyň ýaralanandygyny we 4 adamyň ölendigini hem habar berdi.
Güýçli apy-tupan wagtynda Stambulyň Esenýurt etrabynyň Istiklal köçesinde bir jaýyň uçan üçeginiň aşagynda galan 5 adam ýaralandy.Olaryň birisi Täjigistanly Malohat Rahimowa hassahanada aradan çykdy diýip türk mediasy ýazdy.
Stambulyň Esenýurt etrabynda bir jaýyň üçegi uçanda, gyzyny halas etmek üçin onuň üstüne ýatan Elif Şanwer aradan çykdy, gyzyna hiç zat bolmady.
Türkiýäniň Saglyk ministri Fahreddin Koçyň aýtmagyna görä, ýurdyň Marmara sebitindäki “Lodos”apy-tupany netijesinde 5 adam öldi we başgada 63 adam ýaralandy.
Türkiýäniň dürli sebitlerinde bolan güýçli “Lodos”apy-tupany netijesinde türkmen raýatynyň ýaralanandygy ýa-da aradan çykandygy barada türk mediasy habar bermeýär.The post Türkieýde bolan güýçli apy-tupanda Täjigistanly zenan ýogaldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.