Türki dünýasiniň medeni paýtagty Anew bilen bagly jemleýji dabara we konsert geçirildi

Türki dünýasiniň medeni paýtagty Anew bilen bagly jemleýji dabara we konsert geçirildi

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky Türkmeniň ak öýi binasynda 2024-nji ýylda Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde giň gerimli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de daşary döwletleriň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri ýygnandylar.

Hormatly myhmanlaryň hatarynda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň, TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary bar.

Çykyşlarda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky Türkmeniň ak öýi binasynda türki halklaryň aýdymçylarynyň konserti, türki halklaryň suratkeşleriniň, şekillendiriş sungaty, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň maslahatynyň üstünlikli geçirilendigi bellenildi.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew 2024-nji ýylda Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti barada aýtdy hem-de onuň çäklerinde guralan halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini belläp,munuň üçin hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallygyny beýan etdi.

Soňra giň gerimli baýramçylyk konserti boldy. Onda Türkmenistanyň hem-de türki dilli beýleki ýurtlaryň sungat ussatlary çykyş etdiler. Konsert maksatnamasy türki halklaryň asyrlarboýy dowam edip gelýän özboluşly däp-dessurlaryny şöhlelendirýän halk we döwrebap aýdym-sazlardan ybarat boldy. Türkmenistanyň meşhur döredijilik toparlary, belli halk aýdymçylary hem-de türkmen estradasynyň ýyldyzlary, folklor toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Şeýle hem konsertiň dowamynda türk, özbek, gyrgyz, gazak halk tans toparlarynyň we aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Sungat ussatlary aýdym-sazyň bitewiligi arkaly diňleýjiler üçin milli ruhy we hoşniýetliligi, halklaryň ebedi dostlugyny beýan etdiler.

Konsert türkmen sungatynyň we türki döwletleriň halklarynyň baý mümkinçiliklerini açyp görkezýän žanrlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlandy.

Dabaranyň dowamynda 2025-nji ýyl üçin "Türki dünýäsiniň medeni paýtagty" diýlip yglan edilen Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäheriniň resmi wekiliýetine TÜRKSOÝ-yň ýörite kubogy, şeýle hem Gorkut ata halkara kinofestiwalynyň göçme nyşany gowşuryldy.

Konsertde gadymy döwürlerden häzirki günlere gelip ýeten KÜŞTDEPDI tansy hem ýerine ýetirildi. Bu ajaýyp we şowhunly çykyş dogan halklaryň kökleriniň gadymylygyny hem-de döredijilik agzybirliginiň güýjüni görkezdi.

Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde Türkmenistan dost-doganlyk mekany aýdymy dabaranyň özboluşly jemlemesine öwrüldi.

Soňra dabara gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Ýene degişli makalalar

Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy
TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçirilýär
Türkmenistan we TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Gorkut ata halkara kinofestiwaly badalga aldy
Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň 41-nji mejlisi geçirildi
Türkmen medeniýetiniň belent sarpasy