Türki Dünýäsiniň Notarius bileleşigi döredildi

Türki Dünýäsiniň Notarius bileleşigi döredildi

Türkiyäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň arasynda gol çekilen ylalaşyk resminamasy bilen notarius işleriniň ýeňilleşdirilmegi maksady bilen Türki Dünýäniň Notarius bileleşigi döredildi.

Paýtagt Ankara şäherinde geçirilen gol çekilşik dabarasyna Türkiyäniň Adalat ministri Ýylmaz Tunç, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň wekili Binali Ýyldyrym, Gazagystanyň Adalat ministri Azamat Nesipbaýewiç, Özbegistanyň Adalat ministri Akbar Taşkulow, Azerbaýjanyň Adalat ministri Fikret Memmedow, Gyrgyzystanyň Adalat ministriniň orunbasary Orozbek Sydykow gatnaşdylar.

Türkiyäniň Adalat ministri Ýylmaz Tunç Türki Dünýäniň Notarius bileleşiginiň ýurtlaryň raýatlary taýdan örän uly ýeňillikler döretjekdigini belläp: "Türki Dünýäsiniň Notarius bileleşigi döredileninden soň, bileleşige agza Türki döwletleriň birinde edilen notarius işleri, emele getiriljek integrasiýa bilen öz ýurdunda edilen ýaly hukuka eýe bolar. Şeýlelik bilen Türki Döwletleriň birinde edilen kepilnama şol bir wagtda beýleki agza ýurtlarda hem ulanylyp biliner.

Daşary ýurtlardaky wekilhanalardan kepilnamanyň esasy nusgasynyň ugradylmagy zerur bolmaz" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan TDG-na Agza Ýurtlaryň Adalat Ministrleriniň Maslahatyna Ýer Eýeçiligini Edýär
Çuwaş türkçesi
Gagauz türkçesi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Tatar Türkçesi - 2
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary