Neždet Koçak Yrak türkmenleriniň öňdebaryjy liderlerinden biri we türki dünýäniň ýatdan çymajak gahrymanydyr.Onuň göreşi halkynyň garaşsyzlyk we hak gözlegi ugrundaky tagallasynyň simwolyna öwrüldi. 1939-njy ýylda Kerkukda dünýä inen Neždet Koçak, türkmen terbiýesi bilen ösüp-ýetişýär.
Başlangyç, doly däl we doly orta bilimi Kerkukda alýar. 1962-nji ýylda Türkiýä gelip, Ankara uniwersitetiniň Oba-hojalyk fakultetini tamamlaýar. 1962-64-nji ýyllaryň arasynda Kerkukta Oba-hojalyk üpjünçiligi müdirliginde işleýär.
Bilimini dowam etdirmek üçin 1964-nji ýylda Türkiýä gelýär we oba hojalyk pudagynda magistraturada we doktoranturada okaýar. 1970-nji ýylda Yraga dolanyp, Bagdat uniwersitetiniň inženerçilik fakultetinde mugallymçylyga başlaýar. 1976-njy ýylda ylymlaryň dosenti diýen derejäni alýar.
Neždet Koçak, Yrakdaky azlyklaryndan biri bolan Kerkuk türkmenlerindendi.Kerkuk müňlerçe ýyllyk taryhynda türki dünýäniň bir bölegi bolup durýardy.Emma 20-nji asyryň ortalarynda döwrüň dikdatorlyk dolanşygy bilen türkmenlere agyr gysyşlar edilmäge başlanýar.
Kerkukda türkmenleriň hak-hukuklary basgylanýardy.Türkmenlere garşy abaý-syýasat, gysyşlar, jenaýatlar we gynamalar dowam edýärdi.Türkmen lideri Ata Haýrullanyň başda durmagynda 36 türkmen şehit edilýär.Neždet Koçak ine şol haksyzlygy, genosidi, jenaýatlary, türkmenlere garşy oýnalýan oýunlary görýär we başdan geçirýär.
Ol Kerkuk türkmenlerine öňbaşçy bolmagy saýlap alýar.Olar bu gadymy ýurtda öz şahsyýetini goramaga çalyşýarka Neždet Koçak hem şol göreşiň liderine öwrülýär.Entek orta mekdepde we liseýde okaýan ýyllarynda milli gowga üçin işleýärdi. Şeýlelikde 1959-njy ýylda Kerkuk gyrgynçylygynda şehit edilen Ata Haýrullanyň döreden gizlin ýaşlyk guramasynda işläp, oňa ýolbaşçylyk edýär.
Neždet Koçak, diňe bir alym bolmady, şol bir wagtda-da Yrak türkmenleriniň haklaryny goraýan, olaryň dertlerini beýan edýan lider bolup ýetişýär.Neždet Koçak halkynyň milli şahsyýetini gorap saklamak üçin uly jogapkärçiligi öz üstüne alýar.
Maslahatlarda ýa-da her bir çykyşynda Yrak türkmenleriniň meselelerini gün-tertibine getirýär.Ol, halkyny tebigy halklaryna ýetirmek üçin ýaşryň däl, Türkmen gardaşlyk kluby atly guramalar arkaly iş alyp barýar.
Ene dillerini ýatdan çykarmazlygy üçin dostlary bilen bilelikde Yrak türkmenlerine öňbaşçylyk edýär.Türkiýä ýygydan sapar edýärdi.Ol hem dikdator hökümetiň içalylyk bahanasy bilen ölüm jezasyna höküm etmegine sebäp bolýar.
Neždet Koçak, Yrakda ýaşaýan türkmenler üçin ylmy we medeni işler alyp bardy.Onuň saýasynda ençeme yrakly türkmen ýaşlary Türkiýede bilim aldylar.Emma Baas dolanşygy türkmeniň beýgelýän sesinden biynjalykdy.
Kojagyň göreşi Baas dolanşygynyň gysyşynyň artmagyna sebäp bolýar. 1979-njy ýylyň 22-nji martynda Türkiýä içalylyk etmek we türkçülik etmişi ýöňkelip, tussag edilýär. 10 aýlap niredeligi bilinmeýär. 10 aý soň 1980-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda dara çekilmezden birnäçe sagat öň duşuşan aýaly Aýten hanym we ýaşlar bilen şu taryhy sözler bilen hoşlaşýar: “Dostlar, agaç pudaldygy saýyn öser.
Sizden haýyştym, gowgadan çetleşmäň, dowam etdiriň. Şunu biliň, elhenç we agyr gynamalara garamazdan hiç kimiň adyny aýtmadyk.Bize garaňky otaglarda özleriniň taýýarlan sanawyna gol çekdirmek islediler, gol çekmedik.
Bilýän zatlaram ýok.Men häzir özümi hemişekisinden has asuda duýýan.Allanyň huzuryna arkaýyn çykýaryn.Baýdagy size gowşurýan, bu baýdagy bunsanç bilen göterjekdigiňize doly ynanýan.Hakykatdan we allanyň ýolundan çykmaň.
Sizi alla tabşyrýan…” 1980-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Saddam Hüseýiniň dolanşygy tarapyndan üç türkmen öňbaşçysy ilen bilelikde Neždet Koçak dara çekilýär.
Neždet Koçagyň göreşi diňe bir türkmenler üçin däl, bütin türki dünýä üçin uly mysaldyr. Ol türki dünýäniň birleşmeginiň tarapynda durýardy. Tapawutly sebitlerde ýaşaýan türki halklaryň millet hökmünde bir-birini goldamalydygyny beýan edýärdi. Onuň ady şu günki günde türki dünýäde hormat bilen hatyralanýar.