Türki döwletleriň guramasynyň Ýaşulylar geňeşiniň agzalary Türkmenistanda duşuşdy.
Paýtagt Aşgabatda geçirlen geňeşiň 15-nji maslahatynda halkara we sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýaşulylar geňeşiniň maslahatynda Türkiýä Geňeşiň başlygy Binali Ýyldyrym wekilçilik etdi.
Maslahata, Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen birlikde Gazagystandan, Gyrgyzstandan, Özbegistandan we Wengriýadan gelen aksakgallar gatnaşdy.
Geňeşiň başlygy Binali Ýyldyrym, maslahatda söweşleriň we çaknyşyklaryň başdan geçirilýän döwründe guramanyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Binaly Ýyldyrym, “Türki döwletleriň guramasynyň maksady sebitde kimdir birini gorkuzmak, hemle atmak däl eýsem hiç kimden gorkmaýandygyny görkezmekdir. Maksadymyz parahatçylygy höwesledirmek. Sebäbi Ukraina-Russiýa söweşi bar. Ysraýylyň edýän gyrgynçylygy bar. Gurama hökmünde sebitdäki dartgynlyklaryň ortadan aýrylmagy üçin elimizden geleni edýäris” diýdi.
Ýüpek ýolunyň ähmiýetiniň hem gün saýyn artýandygyny nygtan Binali Ýyldyrym, “Ýüpek ýoly liniýasy 60 ýurdy ýakyndan gyzyklandyrýar we dünýäniň adam başyna düşýän milli girdejisiniň 65 göterimini öz içine alýar. Türk maýa goýum gaznasy açyldy. Şol gaznanyň merkezi Stambul şäherinde ýerleşýär we türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlardaky kiçi we orta ululykdaky kärhanalara goldaw berilmegi maksat edinilýär”diýip belledi.