Türki döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar

Türki döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar

2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Kiýoto Tsužini kabul etdi. Duşuşykda özara gatnaşyklar, Merkezi Aziýa-Ýaponiýa sammiti hakynda pikir alyşyldy.

Bütindünýä Söwda guramasynyň Baş müdiri Ngozi Okonžo-İweeala geçen hepde Gazagystana, Özbegistana we Azerbaýjana sapar etdi.Gazagystanyň Prezidenti Kassym- Žomart Tokaýew 2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä Söwda guramasynyň Baş müdiri Ngozi Okonžo-Iweealany kabul etdi.

Duşuşykda Gazagystanyň adybir gurama bilen hyzmatdaşlyk ugurlary hakynda pikir alyşyldy.Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Ngozi Okonžo-Iweala “Dostluk” ordenini gowşurdy.Mälim bolşy ýaly üstümizdäki ýylyň maý aýynyň 14-15-i aralygynda Almatyda Merkezi Aziýa Söwda Forumynyň 13-njisi geçirilipdi.

2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, 6-njy iýunda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Bütindünýä Söwda guramasynyň Baş müdiri Ngozi Okonžo-Iweealany kabul etdi. Duşuşyklarda Özbegistanyň we Azerbaýjanyň gurama doly agzalyk tapgyrlary hakynda pikir alyşyldy.

Müsür Arap Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Abdulwahab Abdulrazik Özbegistandan soň Gazagystana sapar etdi. Abdulrazik Astanada gazak kärdeşi bilen duşuşdy. 4-nji iýunda Gazagystanyň Prezidenti Kassym- Žomart Tokaýew Müsüriň Senatynyň Başlygyny kabul etdi.

6-njy iýunda Pekin şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň, Gyrgyzstanyň we Özbegistanyň Ulaglar ministrleriniň Hytaý-Gyrgyzsan-Özbegistan demir ýolunyň gurluşygy hakyndaky ylalaşyga gol çekdiler.

2024-nji ýlyň 5-6-njy iýunynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkiýä resmi sapar gurady. 6-nji iýunda Ankarada Türkiýe-Özbegistan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 3-nji maslahaty geçirildi.

Maslahatdan soň iki ýurduň arasynda 18 ylalaşyga gol çekildi.Prezidentler metbugat ýygnagyny geçirdiler.Prezident R.T.Erdogan Özbegistanyň döwlet Ýolbaşçysy Mirziýoýewe Türkiýe Respublikasynyň Döwlet nyşany ordenini gowşurdy.

Saparyň çäginde Türkiýe-Özbegistan Işewürlik maslahaty geçirildi.Prezident Erdogan Mirziýoýewi howa menzilinden ugratdy.

2024-nji ýylyň 7-nji iýunynda Gyrgyzstanyň Prezident Sadyr Japarow Yslam Galkynyş bankynyň Başlygy Muhammed Al Jasseri kabul etdi. Duşuşykda Yslam Galkynyş bankynyň Gyrgyzstandaky işleri hakynda pikir alyşyldy.

2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda Bakuwda Azerbaýjanyň we Wengriýanyň Daşary işler ministrleri 2-nji Strategik dialog maslahatyny geçirdi. Maslahatdan soň iki ýurduň ministrlikleriniň arasynda ylalaşyk ähtnamasyna we teswirnama gol çekildi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Hytaý Hak Respublikasyna guran resmi saparynyň çäginde 6-nji iýunda Sinjan Uýgur Awtanomiýasyna bardy. Ministr Fidan Urumçi we Kaşgar şäherlerinde duşuşyklar geçirdi.

Iýun aýynyň 7-8-i aralygynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Müsür Arap Respublikasyna resmi sapar etdi. Prezident Aliýew Müsüriň Prezidenti Abdulfattah as-Sisi bilen duşuşdy. Duşuşyklardan soň iki ýurduň arasynda 7 ylalaşyga gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Ikinji möhlete saýlandy
Türkmenistan BSG agza bolmak üçin arza berdi
Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek üçin arza tabşyrdy
Türkmenistanda Ženewada BSG agza bolmak üçin arzasyny tabşyrdy
Time 2021-nji ýylyň iň täsirli 100 adamsynyň sanawyny neşir etdi
“Time” žurnaly dünýäniň iň täsirli adamlarynyň 100-ligini çap etdi