Türki döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar

Türki döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş hepdäniň başynda Gazagystana we Özbegistana resmi sapar etdi. Mejlisiniň Başlygy gazak we özbek kärdeşleri bilen duşuşyklar geçirdi. 2024-nji ýylyň 20-nji maýynda Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew, 22-nji maýda bolsa Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Mejlisiň Başlygy Kurtulmuşy kabul etdi.

2024-nji ýylyň 21-nji maýynda Astana şäherinde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi. Maslahatda 2024-nji ýylyň 3-4-nji iýulynda geçiriljek Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Astanadaky samminiň gün tertibindäki meseleler seljerildi. Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew maslahata gelen myhmanlary kabul etdi.

Gazagystanyň Prezidenti Kassym- Žomart Tokaýew 23-24-nji maýda Singapura döwlet saparyny gurady.Prezident Tokaýew Singapuryň Prezidenti Tarman Şanmugaratnam, Premýer-ministr Lawrens Wong, Premýer-mistriň orunbasarlary bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

Duşuşyklaryň netijesinde iki ýurduň arasynda 6 ylalaşyga gol çekildi.Gazagystanyň Prezidenti Singapur-Gazagystan Işewürlik Maslahatyna, Singapur-Gazagystan Rekortorlar Forumyna gatnaşdy hem-de çykyşlar etdi.Singapur-Gazagystan Işewürlik Maslahatynda iki ýurduň arsynda 12 ylalaşyga gol çekildi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 23-nji maýda resmi sapar bilen Bakuwa gelen Täjigistanyň Prezidenti Imamali Rahmon bilen duşuşdy. Duşuşykdan soň iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlyk jarnamasy bilen 7 ylalaşyga gol çekildi.

2024-nji ýylyň 23-nji maýynda Bişkek şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenan liderleriniň dialogunyň Sebitleýin forumy geçirildi. Foruma Gyrgyzstanyň Mejlisiniň Başlygy Nurlanbek Şakiýew, Özbegistanyň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa we beýleki resmiler gatnaşdylar.

2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Bişkekde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Milli howpsuzlyk guramalarynyň Başlyklarynyň 54-nji maslahaty geçirildi. Maslahatda sebitleýin howpsuzlyk, terrorizme garşy göreş, bikanun neşe söwdasyna garşy göreş meselelerine garaldy. Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow maslahata gatnaşan myhmanlary kabul etdi.

22024-nji ýylyň 25-nji maýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň Hökümet başlyklarynyň maslahaty geçirildi. Maslahata Azerbaýjanyň, Belarusuň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň Täjigistanyň we Türkmenistanyň hökümet başlyklary gatnaşdylar.

21-nji maýda Bakuw şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň Türki Uniwersitetler bileleşiginiň 7-nji Maslahaty geçirildi.

22-nji maýda Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde Türki Döwletleriň Parlamentar Assambleýasynyň Milli goranyş komissiýasynyň Başlyklarynyň 1-nji maslahaty geçirildi. Maslahata gurama agza döwletletleriň mejlislerinden Milli goranyş komissiýanyň başlyklary gatnaşdylar.

23-24-nji maýda Ankara şäherinde Türki dünýäniň Aklawçylar bileleşikleriniň maslahaty geçirildi. Maslahata Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň, Özbegistanyň we Aşgabadyň Aklawçylar bileleşiginiň başlyklary gatnaşdylar.

Wakalardan hem görülşi ualy türki döwletleriň gün-tertibinde möhüm saparlar we maslahatlar bardy. Türki döwletleriň arasyndaky jebislik dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler Sammiti Öz Işine Başlady
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary