Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň Içeri işler ministrleri geňeşiniň ilkinji maslahaty Gyrgyzstanyn Yssyk köl sebitinde Çolpan-Ata şäherinde geçirildi.
Gyrgyzstanyň Içeri işler ministri Ulan Niýazbekowyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen maslahata Türkiýäniň adyndan Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa gatnaşdy.
Maslahata Azerbaýjanyň Içeri işler ministri Wilaýat Eýwazow, Gazagystanyň Içeri işler ministri Ýeržan Sadenow, Özbegistanyň Içeri işler ministri Pulat Bobožanow bilen Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew hem gatnaşdy.
Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň içeri işler ministrleri maslahatyň çäginde Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow tarapyndan kabul edildi.
Prezident Japarow kabul edilşikde “ Doganlyk türki halklaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin edýän tagallalaryňyz, ata-babalarymyzdan bize miras galan jebisligiň subutnamasydyr”diýdi.