Türki Döwletleriň Guramasynyň täze baş sekretary

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji noýabrynda Özbegistanyň taryhy Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Şol mejlisiň barşynda guramanyň çäginde birnäçe guramaçylyk meselelerine hem seredildi.

Şoňa laýyklykda, Gyrgyz Respublikasynyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kybanyçbek Ömüraliýew Türki Döwletleriň Guramasynyň täze Baş sekretary wezipesine bellendi.

Kybanyçbek Ömüraliýew tejribeli diplomat. Ol mundan ozal, Belarusda, Estoniýada, Latwiýada, Litwada, Türkiýede we Ysraýylda ilçi wezipelerinde işläp, Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arakalaşygyndaky hemişelik wekili hem boldy.

25 ýyllyk diplomatlyk tejribesi bolan Kybanyçbek Ömüraliýew mundan soňra Türki Döwletleriň Guramasynyň 2040-nji ýyla çenli bolan Türki döwletleriň maksatnamasyny amala aşyrmak babatda agza we synçy döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin tagalla eder.

Ömüraliýew guramanyň baş sekretary wezipesini Bagdad Amreýewden alar. Bagdad Amreýew birnäçe ýyllap bu gurama başlyklyk etdi.

Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegstan Gurama agza döwletler bolup, Türkmenistan we Wengriýa synçy döwletler.

Türki Döwletleriň Guramasynyň ozalky baş sekretary Bagdad Amreýew bolsa, guramanyň çäginde täze döredilen Türki maýa goýum gaznasynyň ýolbaşçysy wezipesine saýlandy.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletlerde bolup geçen möhüm wakalar
Kubanyçbek Ömüraliýew Türk Döwletleri Guramasynyň Baş Sekretarlygyna Bellendi
Samarkant sammiti öz işine başlady
Berdimuhamedow türki ýurtlaryň garaýyşlarynyň dünýädäki syýasy ýagdaýlara täsir etmelidigini aýdýar
Türki Döwletleriň Guramasyna täze baş sekretar bellener
Samarkantda Türki döwletleriň guramasynyň sammiti geçiriler