Bişkek şäherinde geçen Türki döwletleriň guramasynyň ýurtlarynyň Liderleri resminamalaryň birnäçesine gol çekdiler. Olaryň hatarynda Gyrgyzystanyň paýtagty 2025-nji ýylda guramanyň sanly paýtagty diýlip yglan edildi. Sammite gatnaşyjylar şeýle hem Türki dünýäsiniň hartiýasyny kabul etdiler. Guramanyň baş sekretarynyň orunbasarlaryny bellemek barada ylalaşyldy we Jemleýji Beýannama gol çekildi.
TDG-niň ýurtlarynyň Liderleri Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbany Türki dünýäniň iň ýokary ordeni bilen sylaglamak barada karar kabul etdiler.
TDG-niň agzalary Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan bolup durýar. Türkmenistan we Wengriýa gurama synçy hökmünde gatnaşýarlar.
Türki döwletleriň guramasynda başlyklyk etmek Gazagystandan Gyrgyzystana geçdi diýip, guramanyň baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew habar berdi.