Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerindäki duşuşyk

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerindäki duşuşyk

Düýn 11-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi.Bu çäre ýurdumyzda Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda guralýar.

15-nji mejlisiň gün tertibine Aksakgallar geňeşiniň we TDG-niň alyp barýan işleri, şeýle hem gurama agza ýurtlaryň bilelikdäki işi, utgaşdyrylan tagallalary, geçen ýyl Samarkantda geçirilen mejlisde kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişi bilen bagly möhüm meseleler giriziler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri pursatdan peýdalanyp, Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edip, bu babatda türkmen tarapynyň zerur ähli goldawy berjekdigine duşuşyga gatnaşyjylary ynandyrdy.

Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynyň dowamynda guramanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary beýan etdi. Şeýle hem Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Hormatly aksakgaly diýen adyny we onuň nyşanyny döretmegi teklip etdi. Şeýle hem Milli Liderimiz geňeşiň alyp barýan işini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek maksady bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň redaksiýasynyň döredilmeginiň, ýagny munuň üçin geljekde ýörite gazetiň ýa-da žurnalyň neşir edilmeginiň, internet sahypasynyň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şu gün 12-nji martda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Akylly şäherler geljegiň şäheri
MA-ÝB sammitiniň yz ýany, synçylar Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky soraglara ünsi çekýär
ÝB Samarkant sammitinde Merkezi Aziýa bilen gatnaşygyny güýçlendirmegi maksat edinýär
Arkadag şäherine täze halkara sylaglar gowşuryldy
ÝB-niň daşary syýasat başlygy, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabada gelip, MA saparyna başlaýar
ÝB-niň ýokary derejeli wekili Kaja Kallasyň Aşgabada sapary ýatyryldy
Türkmen telekeçileri Özbegistanda geçiriljek halkara sergilere çagyrylýar