6-njy noýabrda Bişkek şäherinde boljak Türki döwletleriň guramasynyň sammiti Türki dünýäniň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi: ykdysady goşulyşmak, durnukly ösüş, sanly geljek we hemmeler üçin howpsuzlyk diýen şygar astynda geçer. Bu barada guramanyň metbugat gullugyna salgylanýan Report ýazýar.
Habarda TDG-niň ýurtlarynyň Liderleri ykdysadyýet, söwda, sanly maglumat, ulag we howpsuzlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar, guramanyň wajyp taslamalary boýunça çözgütleri kabul ederler hem-de degişli resminamalara gol çekerler diýlip bellenýär. Şol sanda sebitde ykdysady we syýasy ýagdaýlara baha berler, türki dünýäniň birligini berkitmek hem-de ösdürmek babatda pikir alşylar.
Sammit tamamlanandan soňra guramada başlyklyk Gazagystandan Gyrgyzystana geçer.
Çäräniň jemleri boýunça döwlet Baştutanlary Bişkek Beýannamasyna gol çekerler.