Çawuşogly paýtagt Ankarada Prezidentiň kompleksinde geçirilen TDG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisinde çykyş etdi.
Maslahata Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wekili Bahtiýar Saidow, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Gyrgyzstanyň Daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew, Gazagystanyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Kaýrat Umarow, Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýarto, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Daşary işler ministri Tahsin Ertugrulogly, Türkmenistanyň Stambuldaky Başkonsuly Myratgeldi Seýitmämmedow bilen TDG-nyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew gatnaşdy
“Türki döwletleriň guramasy biziň iň uly arwuz-hyýalymyzdy. Hakykata öwrüldi” diýen Çawuşogly; “Konstruktiw infrastrukturamyz günsaýyn güýçlendirip, hyzmatdaşlymyzy täze ugurlarda ýaýbaňlandyrýarys” diýdi.
Çawuşogly ýaşyl tehnologiýadan peýdalanýan, akylly şäherlere eý ebolan türk dünýäsini gurmalydyklaryny nygtap; “Global energiýa strategiýasyndaky pozisiýamyz güýçlenýär. Baku-Tibilisi-Jeýhan nebit geçiriji ugry we Trans Anadoly (TANAP) tebigy gaz geçirijisi ýaly uly göwrümli energiýa taslamalaryny bilelikde iş ýüzüne geçirdik. TANAP-yň, Hazar oazisinden goşmaça tebigy gazy halkara bazarlara ýetirmegi üçin hyzmatdaşlymyz güýçlendirilmeli” diýdi.
Çawuşogly Aziýanyň gaýtadan öňe saýlanýan döwründe Orta geçelgäniň global söwda gatnaşyklaryndaky paýynyň artdyrylmalydygyny nygtady.
Ministr Mewlüt Çawuşogly Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň synçy agza hökmünde mejlise gatnaşmagynyň bu jähtdemn möhümdigini nygtap; “Kipriň türk halkynyn özygtyýarly deňliginiň, halklarynyn we deň derejeli halkara derejesinin ykrar edilmegi, başdan geçirýän çäklendirmeleriniň aýrylmagy biziň umumy maksadymyz bolmaly” diýdi.