Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

BMG-niň Nýu-Ýorkda geçirlen 79-njy Sessiýasyna Gyrgyzstanyň, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň we Türkiýäniň Prezidentleri gatnaşdylar. Liderler köp sanly özara duşuşyklar geçirdiler. Sessiýanyň çäginde Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi. Merkezi Aziýa+ABŞ Daşary işler ministrleriniň maslahaty guraldy. Nýu-Ýorkda Astana platformasynyň ýygnagy hem geçirildi. Maslahata Eýranyň, Russiýanyň we Türkiýaniň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar.

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türki habarlar gulluklarynyň bileleşigi, bileleşigiň logotipiniň kabul edilendigini beýan etdi. 2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda döredilen Türki habarlar gulluklarynyň bileleşigine “Anadoly, “Azertak”, “Kabar”, “Kazkontent” we “UzA” habarlar gulluklary agza.

2024-nji ýylyň 25-26-njy sentýabrynda Samarkand şäherinde Aziýanyň Infrastruktura maýa goýum bankynyň Dolandyryjylar geňeşiniň ýyllyk maslahaty geçirildi. Maslahata 100-den gowrak ýurtdan 2 müňden gowrak resmi gatnaşdy. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew maslahatyň açylyşyna gatnaşdy we daşary ýurtlaryň wekilleri bilen duşuşdy.

26-njy sentýabrda Jalalabat şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň Syýahatçylyk ministrleriniň 9-njy maslahaty geçirildi. Maslahatda Jalalabad şäheri 2025-nji ýylda Türki dünýäniň Syýahatçylyk paýtagty diýlip yglan edildi.

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 33-nji ýyllygy dabaralar bilen bellenilip geçildi. Türkmenistandanda 2018-nji ýyldan bari 27-nji sentýabr Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilip geçilýär.

23-nji sentýabrda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewi kabul etdi. Duşuşykda Azerbaýjan-Özbegistan özara gatnaşyklary hakynda pikir alyşyldy.

2024-nji ýylyň 24-26-njy sentýabrynda Bakuw şäherinde Azerbaýjanyň 5-nji Halkara goranyş sergisi geçirildi. Sergä 38 ýurtdan 270 firma gatnaşdy. Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Goranmak ministrleri serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Prezident Aliýew sergä baryp gördi.

25-nji sentýabrda Ankarada TÜRKSOÝ-uň guramagynda Türki döwletleriň Opera we Balet Müdürleriniň 3-nji maslahaty geçirildi. Maslahatda 2025-nji ýylda geçiriljek çäreler seljerildi.

26-njy senýtabrda Budapeşt şäherinde Halkara küşt federasiýasynyň Sessiýasy geçirildi. Sessiýada Türki döwletleriň Küşt federasiýasy döredildi. Türki döwletleriň Küşt bileleşigi Azerbaýjandan, Gazagysatandan, Gyrgyzstandan, Özbegistandan, Türkmenistandan we Türkiýeden ybarat.

27-nji sentýabrda Stambul şäherinde Türkiýe-Özbegistan Bilim forumy geçirildi. Foruma iki ýurduň ýokary bilim ojaklarynyň ýolbaşçylary, rektorlar we bilermenler gatnaşdyşlar. Forumda Türkiýe bilen Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk, emeli intellekt, ýokary tehnologiýa ugurlarynda maslahatlar geçirildi.

28-nji sentýabrda Stambulda Halkara Türk medeniýeti we miras gaznasy tarapyndan “Türki dünýäde medeni miras we olary gorap saklamak” atly maslahat geçirildi. Maslahatda türki medeniýeti goramagyň usulyýetleri, daşary ýurtlaryň bu ugurdaky tejribeleri boýunça pikir alyşyldy.

Ýene degişli makalalar

Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen wekiliýeti Ankara şäherinde geçirilen çärelere gatnaşdy
Sesden tiz uçýan geljegiň uçary döredildi
Ýolaman Hummaýew — türkmen operasynyň düýbüni tutujy