Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarý

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarý

2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 15-18-i aralygynda Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Özbegistana we Gazagystana sapar etdi. Şols 15-16-njy sentýabrda ilki Özbegistana bardy.

Samarkand şaherinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Olaf Şols bilen duşuşdy.Duşuşyklaryň netijesinde iki ýurduň arasynda 8 ylalaşyga gol çekildi.Liderler iki ýurduň işewür dünýäsiniň öňdebaryjy ýolbaşçylary bilen maslahat geçirdiler we döwlet ýolbaşçylaryny taýýarlaýan ýokary mekdebiň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Özbegistandan Gazagystana baran Germaniýanyň Fedaral Kansleri Olaf Şols 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Astanada 2-nji Merkezi Aziýa-Germaniýa Sammitine gatnaşdy. Sammite Merkezi Aziýa döwletleriniň prezidentleri gatnaşdylar. Sammitden soň bilelikdäki Jarnama gol çekildi. Sammitiň çäginde liderleriň arasynda özara duşuşyklar geçirildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri nemes işewür dünýäsiniň öňdebaryjy wekilleri bilen özara maslahatlar geçirdiler.

2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Bişkek şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň guramasyna agza ýurtlaryň Energetika ministrleriniň geňeşiniň 4-nji maslahaty geçirildi. Maslahata Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Wengriýanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň energetika ministrleri we orunbasarlary, degişli ýurtlaryň ilçileri gatnaşdylar. Maslahatdan soň jemleýji jarnama çap edildi.

19-njy sentýabrda Bişkek şäherinde Gyrgyzstan-Wengriýa Strategik Geňeşiniň 4-nji maslahaty geçirildi. Maslahata Gyrgyzstanyň Daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew we Wengiýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýarto ýolbaşçylar etdi. Maslahatdan soň özara teswirnama gol çekildi. Şol gün Ankarada Türk-Wenger Medeniýet ýylynyň simpoziumy geçirildi.

2024-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türküstan şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň başlyklarynyň 3-nji maslahaty geçirildi. Maslahata gurama agza ýurtlaryň Milli howpsuzlyk geňeşiniň Baş sekretarlary gatnaşdylar.

19-njy sentýabrda Astana şaherinde Aral kölüni halas ediş gaznasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň maslahaty geçirildi. Maslahata Gazagystandan, Gyrgyzstandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan ministrler gatnaşdylar. Maslahatdan soň 10 görkezmeden we 40-dan gowrak çärelerden ybarat Aral kölüni halas ediş maksatnamasyna gol çekildi.

Üstümizdäki aýyň 20-de Bişkekde TÜRKSOÝ-yň başlangyjy boýunça Kutadgu Bilig we Türki Dünýä forumy geçirildi. Foruma Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan we Türkiýeden alymlar gatnaşdylar. Gyrgyzstanyň hökümtiniň karary bilen 21-nji sentýabr ýurtda Ýusfup Has Hajyby hatyralama güni yglan edilipdi.

2024-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Moskwada 20-nji Halkara Musulmanlar forumy geçirildi. Foruma Russiýa-Yslam Dünýäsi Strategik garaýyş toparynyň Başlygy, Tatarystanyň reisi Rustam Minnihanow, türki döwletlerden wekiller gatnaşdylar. Forumda Rawil Gaýnutdin Russiýanyň Müftüler geňeşiniň başlagyna gaýtadan saýlandy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň karary bilen 20-nji sentýabr ýurtda Döwlet özygtyýarlylygynyň güni hökmünde bellenilip geçiler. Mälim bolşy ýaly 2023-nji ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Azerbaýjanyň goşuny ýurduň territoriýasyny separatistlerden saplap, Azerbaýjanyň territorial bitewiligini doly üpjün edipdi.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Özbegistanda täze halkara awtobus gatnawlary ýola goýlar
Birinji tapgyrynda ýeňiş gazandy
Türkmenistan we TÜRKSOÝ hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmegi maksat edinýärler
Türkmenistan we TÜRKSOÝ medeni hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar