Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

2024-nji ýylyň awgust aýynyň 22-23-i aralygynda Tatarystanyň paýtagty Kazanda 3-nji Kazan halkara ýaşlar sammiti geçirildi. Sammite 40 ýurtdan gelen wekiller bilen birlikde Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow gatnaşdy.

2024-nji ýylyň awgust aýynyň 22-23-i aralygynda Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew Täjigistana döwlet saparyny gurady.Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, Duşanbede Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahman, Premýer-ministr Kahir Tahirzoda, Mejlisiň başlygy Mahmadtoir Zamirzoda bilen duşuşdy.

Tokaýew-Rahman duşuşygyndan soň iki ýurduň arasynda Gazagystan-Täjigistan hyzmatdaşlyk şertnamasy bilen birlikde 16 şertnama gol çekişildi.Saparyň çäginde Täjigistan-Gazagystan işewürler forumy geçirildi.Forumyň çäginde 1 milliard dollarlyk şertnama baglaşyldy. İki kärdeş Raman bilen Tokýaew Gazagystan Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy.

2024-nji ýylyň awgust aýynyň 22-23-i aralygynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Özbegistana döwlet saparyny gurady.Daşkent şäherinde prezidentleriň ýolbaşçylyk etmeginde Özbegistan-Azerbaýjan döwletara ýokary geňeşiň 1-nji maslahaty geçirildi.

Maslahatyň çäginde taraplaryň arasynda 17 şertnama baglaşyldy. Özbegistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklar resmi taýdan hyzmatdaşlyk derejesine göterildi.Aliýewiň döwlet saparynyň çäginde Hokand şaherinde Özbegistan-Azerbaýjan sebitleýin forumy, Daşkent şäherinde Özbegistan-Azerbaýjan işewürler forumy geçirildi. Özbegistan-Azerbaýjan işewürler forumynyň çäginde taraplaryň arasynda 2 milliard dollarlyk şertnama baglaşyldy.

Aliýew bilen Mirziýoýew iki ýurduň tanymal işewür adamlary bilen duşuşdy.Duşuşyklardan soň berlen beýannamada bilelikdäki maýa goýumlaryň artdyryljakdygy nygtaldy. Özbegistandan Farruk Zakirow bilen Azerbaýjandan Polat Bülbüloglu iki ýurduň halk bagşysy baýraga laýyk görüldi.

Geçen hepde azerbaýjanly esgerler Gazagystanyň günorta gündogarynda ýerleşýän Köktal harby merkezinde gazak esgerler bilen birlikde harby türgenleşik geçirdi. İki ýurduň esgerleri iýul aýynda hem “Birleşdik 2024” harby türgenleşigine gatnaşypdy. Geçen hepde Türk ýaragly güýçleriniň hünärmenleri Gazagystanyň harby goşunynyň ýörite desant toparyna 3 aýlyk harby tälim bermek we tejribe alyşmak üçin Gazagystana gitdi.

2024-nji ýylyň awgust aýynyň 18-19-y aralygynda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Azerbaýjana döwlet saparyny gurady. Paýtagt Bakuda geçirlen Aliýew-Putin duşuşygyndan soň taraplaryň arasynda 7 şertnama baglaşyldy. Taraplar Bakuda bilelikdäki uniwersitetiň açylmagy we nebit tankerleriň öndürilmegi boýunça ylalaşyk gazandy. Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin soňky gezek 2018-nji ýylda Azerbaýjanda saparda bolupdy.

Russiýa Federassiýasyny döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Azerbaýjandan soň Demirgazyk Kawkazda ýerleşýän Kabardin-Balkar, Osetýa-Alanýa we Çeçenistan Respublikalarynda saparda boldy. Günbatarly ýurtlaryň goýan embargolaryndan soň Russiýa taýdan sebitiň, Kawkazdan geçýän Halkara Günorta-Demirgazyk aragatnaşyk koridorynyň we Günbatar bilen Gündogary birleşdirýän Merkezi koridorynyň ähmiýeti has-da artdy.

2024-nji ýylyň 20-njy awgustynda Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň metbugat sekretary Aýhan Hajiýew, ýurdunyň BRIKS-a agzalyk üçin resmi taýdan ýüz tutandygyny mälim etdi.Wladimir Putiniň Bakuwa guran saparyndan soň Azerbaýjanyň BRIKS-e agza bolmak üçin resmi taýdan ýüz tutmagy ünsleri özüne çekdi.

Geçen aý Astanada geçirlen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler sammitiniň çäginde Hytaý, Azerbaýjanyň BRIKS-e agzalygyna goldaw berýändigini mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANDA MUHAMMET BAÝRAM HAN TÜRKMEN WE TÜRKMEN HALKYNYŇ MERTLIK, WATANSÖÝÜJILIK, ADAMKÄRÇILIK ÝÖRELGELERI ATLY HALKARA FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanda Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri atly halkara forumy öz işine başlady
Mederbek Satyýew Gyrgyzystanyň Ýokary kazyýetiniň başlyklygyna bellendi
ЧЕТВЕРТАЯ СЕКЦИЯ МЕЖДУНАРОДНОГО ФОРУМА КУЛЬТУРНО-ИСТОРИЧЕСКИЕ ОТНОШЕНИЯ ТУРКМЕНСКОГО И ИНДИЙСКОГО НАРОДОВ: ДРЕВНИЕ КОРНИ И СОВРЕМЕННЫЕ ПЕРСПЕКТИВЫ
Owganystan Meselesi Ýurtda Wagtlaýyn Şäriklik Hökümetiniň Gurulmagy Bilen Çözüler