Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

2023-nji ýylyň iýul aýynyň 9-11-i aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Mongoliýa döwlet saparyny gurady.Sadyr Japarow, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hýurelsukh, Premýer ministri Orun Erdene Luwsannamsraýn we Mejlisiň başlygy Gombožaý Zandarşatar bilen aýry aýry duşuşyk geçirdi.

Saparyň çäginde geçirlen gepleşiklerden soň iki ýurduň arasynda 12 şertnama baglaşyldy.Saparyň çäginde iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda Ulanbatorda Gyrgyzystanyň ilçihanasy dabaraly ýagdaýda açyldy.Prezdent Japarowyň Mongoliýa guran sapary taryhy sapar hökmünde häsiýetlendirildi.

Mundan 21 ýyl ozal 2002-nji ýylda Gyrgyzstanyň ozalky Prezidenti Askar Akaýew Mongoliýa resmi sapar gurapdy.

2023-nji ýylyň 9-njy iýulynda Özbegistanda irki prezident saýlawy geçirildi.Saýlawda 4 dalaşgär bäsleşdi.Saýlawa bolan gatnaşyk 80 göterim boldy.Saýlawda sesleriň 87,5 göterimini alan Özbegistan Liberal demokrat partiýasynyň dalaşgäri Şawkat Mirziýoýew üstünlik gazandy.

Beýleki dalaşgärler 3-4 göterim ses aldylar. Şawkat Mirziýoýew 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda Özbegistanyň Mejlisinde kasam edip wezipesine başlady. Şawkat Mirziýoýew 2023-nji ýylyň 30-nji aprelinde Özbegistanda geçirlen ähli halk sese goýulşygy bilen konstitutsiýa girizilen üýtgetmä laýyklykda prezidentiň iş möhledi 7 ýyl uzadyldy.

2023-nji ýylyň 12-nji iýulynda TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuş Azerbaýjana resmi sapar gurady. Mejlisiň başlygy Kurtulmuş, Bakuwda Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew, Azerbaýjanyň Mejlisiniň başlygy Sahiba Gafarowa, Premýer-ministri Ali Asadow hem duşuşdy. Numan Kurtulmuş resmi saparynyň çäginde TürkPA-nyň Baş sekretarýadyna hem baryp gördi.

2023-nji ýylyň iýul aýynyň 13-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, TBMM-niň Daşary işler komissiýasynyň başlygy Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýeti kabul etdi. Kabul edilşikde Özbegistan-Türkiýe gatnaşyklary, partlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow Günorta Koreýanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Woo Taigi kabul etdi. Kabul edilşikde Gyrgyzstan-Günorta Koreýa gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

2023-nji ýylyň 15-nji iýulynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Brýusselde Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan we ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel bilen üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Azerbaýjan-Ermenistan parahatçylyk şertnamasy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

12-nji iýulda Türki medeniýetiň halkara guramasy TÜRKSOÝ döredilen gününiň 30 ýyllygyny belläp geçdi. 1993-nji ýylyň 12-nji iýulynda Gazagystanyň Almati şäherinde TÜRKSOÝ-yň döredilmegi meselesinde şertnama baglaşylpdy.

Iýun aýynda Gazagystanda, Gyrgyzstanda, Özbegistanda we Türkmenistanda TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi.TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Azerbaýjanda, Türkiýede we Ýewropada hem dürli çäreler geçirler.Sungat we medeniýet taýdan birnäçe işi durmuşa geçiren TÜRKSOÝ, Türki döwletleriň we halklaryň arasynda altyn köpri wezipesini ýerine ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabatda geçirilen halkara forumdaky çykyşy
Magtymguly Pyragy döwürleriň şahyry
Türki döwletleriň arasyndaky arkalaşyk etaby
Marokkoda ICESCO-nyň meýdançasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçirildi