Türki döwletleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar

2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, BMG-nyň Baş sekretarynyň ýaragsyzlana işleri boýunça orunbasary Idzumi Nakamitsuny kabul etdi. Kabul edilşikde dünýä syýasatynda başdan geçirilýän soňky wakalar bilen Gazagystanyň dünýäniň ýadro ýaragyndan saplanmagy üçin edilýän tagallaasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

2024-nji ýylyň awgust aýynyň 28-29-y aralygynda Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Özbegistana resmi sapar gurady.Ministr Ersoý, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi.

Daşkent şäherinde Özbegistanyň Medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow bilen duşuşan ministr Ersoý, Türkiýäniň 2025-nji ýylda Özbegistanda medeniýet festiwalyny geçirjekdigini aýtdy.Ministr Ersoý saparynyň çäginde Özbegistanyň Ekologiýa, daşky gurşaw we howa çalşygy ministri Aziz Abdulhakimow we Özbegistanyň Syýahatçylyk komitetiniň başlygy Umid Şadiýew bilen duşuşdy.

2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny gurady. Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagt Tähranda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan we Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý bilen duşuşdy. Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda 4 şertnama baglaşyldy.

2024-nji ýylyň 29-njy awgustynda Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H. Badri Türkmenistanda saparda boldy. Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň saparyň çäginde iki ýurduň arasynda 4 şertnama baglaşyldy.

2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Özbegistanyň Energetika ministri Türkmenistanda saparda boldy.

2024-nji ýylyň awgust aýynyň 27-30-y aralygynda Samarkand şäherinde13-nji Halkara Gündogar aýdym-sazlary festiwaly geçirildi. ÝUNESKO-nyň goldaw bermeginde geçirlen festiwala 80 ýurtdan 300-den gowrak sungat ussady gatnaşdy. Halkara Gündogar aýdym-sazlary festiwaly 1997-nji ýyldan bäri geçirilýär.

Geçen hepde Türki döwletlerde yzly yzyna uly baýramçylyklar bellenilip geçildi.

2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkiýede Ýeňiş baýramy, Gazagystanda Konstitutsiýanyň kabul edilen güni bellenilip geçildi. 31-nji awgustda Gyrgyzstanda, 1-nji sentaýbrda hem Özbegistanda garaşsyzlyk baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.

2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow Türkiýede saparda boldy. Azerbaýanyň Daşary işler ministri Baýramow resmi saparynyň çäginde Ankara şäherinde Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşdy. Duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkiýäniň Ulaglar we infstruktura ministri Uraloglu, DKTR-da saparda boldy. Ministr Uraloglu DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar tarapyndan kabul edildi. Saparyň çäginde Lefkoşa şaýolunuň gurluşygyna badalga berildi.

2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Türkiýe-Azerbaýjan Dostluk toparynyň başlygy Şamil Aýrymyň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýetini kabul etdi.

2024-nji ýylyň 1-nji sentabrynda Azerbaýjanda geçirlen parlament saýlawyna daşary ýurtly 598 synçy gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler