Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar

Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapary tamamlandy. Guterriş Özbegistandan soň geçen hepde nobaty bilen Gyrgyzstana, Gazagystana, Täjigistana we Türkmenistana sapar etdi. Ýurtlaryň liderleri bilen duşuşyklar geçiren Antoniu Guterriş, Merkezi Aziýanyň dünýä syýasatyndaky güýçlenýän pozisiýasyny nygtady.

2024-nji ýylyň 1-nji iýulynda Wengriýa ÝB-niň döwürleýin başlyklygyny kabul edip aldy. Wengriýa ýylyň ahyryna çenli ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirer. Wengriýanyň Premýer-minisrtri Wiktor Orban 2024-nji ýylyň 2-nji iýulynda Kiýewe, 5-nji iýulynda bolsa Moskwa sapar etdi. Şeýlelikde Orban 12 ýyl soň ilkinji gezek Ukraina sapar gurady.

2024-nji ýylyň 2-nji iýulynda Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet Başlygy Si Szinpin Gazagystana döwlet saparyny gurady. Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew Szinpini howa menzilinde garşylady. Döwlet ýolbaşçylary Astanada ikiçäk we toparara duşuşyklar geçirdiler. Duşuşyklardan soň iki ýurduň arasynda 31 ylalaşyga gol çekildi. Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpin Gazagystandan soň Täjigistana döwlet saparyny gurady.

4-nji iýulda Astana şäherinde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Döwlet ýolbaşçylarynyň 24-nji sammiti geçirildi. Astanada ilki agza ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylarynyň geňeşiniň maslahaty geçirildi. Maslahatda Belarusyň gurama doly agzalygy tassyklandy. Gazagystanda Prezidentiň orunbasary, goranmak ministri bolup işlän Nurlan Ýermekbaýew 2025-2027-nji ýyllaryň aralygynda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş seketary bolar.

Şol gün ŞHG+ sammiti geçirildi. Sammate Azerbaýjanyň, BAE-niň, Hytaýyň, Belarusyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Kataryň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň liderleri, BMG-niň we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretarlary gatnaşdylar. Sammitden soň Astana jarnamasy kabul edildi we 25 ylalaşyga gol çekildi. Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Pakistanyň liderleri üçtaraplaýyn maslahat geçirdiler.

2024-nji ýylyň 6-njy iýulynda Şuşa şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň resmi däl Sammiti geçirildi.Türki dünýäniň medeni paýtagty Şuşada geçirilen “Ulag arabaglanşygy we howa hereketi bilen Birsydyrgyn gelejek gurmak” temaly Sammite Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň we Özbegistanyň Prezidentleri, Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary bilen Wengriýanyň Premýer-ministri gatnaşdy.

Sammitiň ahyrynda Garabag jarnasyna we käbir ylalaşyklara gol çekildi.Sammitiň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirildi.

Wakalardan hem görülşi ýaly geçen hepde türki döwletlerde iki möhüm sammit geçirildi. BMG-niň Baş sekretary, Russiýa, Hytaý, Pakistan ýaly döwletleriň saparlary türki döwletleriň halkara arenadaki pozisiýasynyň günsaýyn güýçlenýändigini görkezýar. Wengriýanyň we Türkiýäniň ýokary tagallalary Ukraina-Russiýa urşunda hüjümleriň bes edilip, parahatçylygyň gazanylmagyny ýola goýup biler.

Ýene degişli makalalar

Si Szinpin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar
Astananyň howa menzili ŞHG-yň sammiti bilen bagly güýçlendirilen iş tertibine geçdi
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistana geldi
BMG-niň Baş sekretary Gazagystanda geçjek ŞHG-niň sammitine çagyryldy
1-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
BMG-nyň Baş sekretary Türkmenistanda saparda bolar