Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar

Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar

Üstümizdäki aýyň 2-4-i aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow Italiýa we Watikana resmi sapar gurady.Prezident Japarow Italiýanyň Perzidenti Sergio Mattarella, Premýer-ministr Giorgia Meloni, Mejlisin Başlygy Lorenzo Fontana we Senatyň Başlygy Ignazio La Russsa bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

Duşuşyklaryň netijesinde Gyrgyzstan bilen Italiýanyň arasynda 4 ylalaşyga gol çekildi.Saparyň çäginde Rim şäherinde Gyrgyzstan seýilgähi açyldy we iki ýurdun işewürleriniň gatnaşmagynda Işewürler Maslahaty geçirildi.Bişkek we Rim şäherlerinin arasynda doganlyk ylalaşygyna gol goýuldy.

Prezident Japarow şeýle hem Watikanyň döwlet Sekretary Kardinal Petro Parolin bilen özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi hakynda pikir alyşdy.

3-nji oktýabrda Astana şäherinde Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň Din işler guramasynyň ýolbaşçylarynyň 3-nji maslahaty geçirildi.Maslahata, gurama agza Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň we Özbegistanyň müftüleri we din işleri edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahatyň ahyrynda Fetwa toparynyň düzgünnamasy we Yslam halkynyň däp-dessuryndan gözbaş alýar atly iki resminama gol çekildi.Türki döwletleriň müftüleri Astanada Ahmet Ýasawy we onuň Ruhany mirasy atly halkara maslahata hem gatnaşdylar.

4-nji oktýabrda Astana şäherinde Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna girýän ýurtlaryň Milli howpsuzlyk guramalarynyň ýolbaşçylarynyň 55-nji maslahaty geçirildi. Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew maslahata gatnaşyjylary kabul etdi. 1-nji oktýabrda bolsa Gazagystanda Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasyna agza ýurtlaryndan esgerleriň gatnaşmagynda Mizemez doganlyk-2024 harby türgenleşigi başlapdy.

30-njy sentýabr abilen 1-nji oktýabryň aralygynda Ankara şäherinde Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň Kartografiýa guramalarynyň ýolbaşçylarynyň 1-nji maslahaty geçirildi. Maslahatda türki dünýäniň ýeke-täk kartasyny taýýarlamak üçin İş toparynyň döredilmegi hakynda karar kabul edildi.

2-nji oktýabrda Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Premýer-ministri Ünal Üstel Türkiýä resmi sapar gurady. Premýer-ministr Üstel Ankara şäherinde Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmaz bilen duşuşdy. Prezidenti Erdogan Üsteli kabul etdi.

3-nji oktýabr Türki döwletleriň guramasynyň döredilen günüdir. 2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Ankara şäherinde Nahiçewan ylalaşygynyň 15-nji ýyllygyna bagyşlanyp çäre geçirildi.Türki döwletleriň guramasy, Türki maýa goýum gaznasy, Türki döwletleriň Parlamentar Assambleýasy, Halkara Türki Akademiýa, Türki medeniýet we miras gaznasy, Türki medeniýetiň halkara dolanşygynyň guramasy TÜRKSOÝ bilen Türki Söwda we Senagat palatasy ýaly türki döwletleriň halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türki hyzmatdaşlygyň ýeten sepgidi we gelejekden garaşylýanlar atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. 4-nji oktýabrda Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Ankara şaherinde Gyrgyzstanda geçiriljek sammit hakynda maslahat geçirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
30.08.2017 | Gruzin hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisinde boldy we Olimpiýa şäherjigine baryp gördi
30.08.2017 | Hormatly Prezidentimiz we Gruziýanyň Premýer-ministri türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar
Rus goşuny Donetskdäki Georgiýewka ýaşaýyş zolagyny gözegçiligi astyna aldy
Türkmenistanly palwanlar 2024-nji ýyly ýeňişleriň tapgyryna besleýärler